«Bilimli ädim» kompaniýasy Indoneziýanyň BINUS uniwersitetiniň Türkmenistandaky wekili boldy
«Bilimli ädim» türkmen konsalting kompaniýasy Indoneziýanyň öňdebaryjy hususy uniwersitetlerinden biri bolan — Bina Nusantara uniwersiteti (BINUS) bilen wekilçilik etmek bilen bagly ylalaşyk baglaşdy. Bu hyzmatdaşlyk türkmen talyplary üçin Günorta-Gündogar Aziýada ýokary bilim almaga täze mümkinçilikleri açýar.
Ylalaşygyň çäklerinde «Bilimli ädim» bu okuwa dalaşgärler üçin okuwa girmäge kömek etmek, wizalary resmileşdirmek, gitmegi guramak we uniwersitetiň şäherçesinde ýerleşmek ýaly hyzmatlaryň bitewi toplumyny ýetirýär. Kompaniýa talyplara okuw meýilnamasyny saýlamakdan başlap, uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýyna ýerleşmäge çenli ähli tapgyrlarda goldaw berer.
1981-nji ýylda döredilen BINUS uniwersiteti Indoneziýanyň hususy uniwersitetleriň iň öňdebaryjylarynyň sanawyna girýär we ýurduň Bilim ministrligi hem-de halkara guramalar, şol sanda QS World Ranking tarapyndan akkreditirlenendir. Uniwersitet tehnologiýa we işewürlikden dizaýn hem-de jemgyýetçilik ylymlaryna çenli dürli ugurlarda bakalawriat, magistratura we doktorantura programmalaryny hödürleýär.
BINUS dünýäniň 100-den gowrak uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk edýär, bu bolsa talyplara alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşmaga we iki sany diplom almaga mümkinçilik berýär. Öňdebaryjy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygynyň netijesinde, uniwersitetiň uçurymlaryna zähmet bazarynda uly isleg bildirilýär.
Indoneziýanyň BINUS uniwersitetinde okamak — bu dünýä derejesinde bilim almak we özüň üçin çäksiz hünär mümkinçiliklerini açmak üçin şertdir.