Las-Wegasda Excel boýunça Bütindünýä çempionaty tamamlandy


Las-Wegasda Microsoft Excel boýunça Dünýä çempionaty tamamlandy. Bu ýaryş elektron tablisalary bilen işlemegiň höwesjeňleri we ussatlary üçin hakyky şüweleňe öwrüldi.

Çäre kiber sport ýaryşlary üçin adaty bolan meýdançada geçirilip, bütin dünýäden gatnaşyjylary ýygnady. Olar çylşyrymly ýumuşlary çözmekde ýaryşyp, Excel programmasyny ulanmakda öz ukyp-başarnyklaryny we döredijiliklerini görkezdiler. Ýaryşyň jemleýji tapgyry has dartgynly ýagdaýda geçirildi: gatnaşyjylar onlaýn-oýun meňzetmesinde 20 sany awatarlaryň görkezijilerine gözegçilik etmek üçin çylşyrymly formulalary işläp taýýarlamalydy. Bu hem diňe bir Excel programmany bilmekligi däl, eýsem üýtgeýän şertlere tiz uýgunlaşmak ukybyny hem talap etdi.

Netijede, Beýik Britaniýadan gelen maliýe geňeşçisi, 30 ýaşly Maýkl Jarman ýeňiji bolup, pul baýragyna hem-de “Excel ussaty” diýen ada mynasyp boldy. Çempionatyň guramaçysy Endrýu Grigolýunowiç, bu ýaryşyň geljekde iri baýrakly meşhur kiber sport görnüşi bolup, has köp gatnaşyjylary we tomaşaçylary özüne çekjekdigine ynam bildirdi.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25