Dünýäde 68 ýurduň ýaşaýjylarynyň ylma bolan garaýyşlary öwrenildi
Dünýäde 68 ýurduň ýaşaýjylarynyň ylma bolan garaýyşlary öwrenildi
Garward we Sýurih uniwersitetleriniň bilelikdäki alymlar topary dünýäniň 68 ýurdunda adamlaryň ylma bolan gatnaşygyny öwrendiler.
Pikirsoraşma 70 müň adamy gurşap aldy, alymlar hatda Afrikanyň we Günorta Amerikanyň çet-gyraklarynda ýaşaýan adamlaryň pikirleri bilen gyzyklandylar. Ylmy-barlaglar dünýäde alymlara uly ynam bildirilýändigini görkezdi.
Alnan netijeler abraýly «Nature Human Behaviour» ylmy neşirde çap edildi.
Ylma ynam iň ýokary 5 bal derejede 3,62 baly düzdi. Pikiri öwrenilenleriň 57 göterimi alymlara ynanýarlar, 78 göterimi olaryň öz işine çynlakaý garaýan adamlardygyny bellese, 56 göterimi alymlaryň adamzadyň bähbidine gönükdirilen işine hormat goýýarlar.
Emma aýry-aýrylykda alnanda, dürli ýurtlarda alymlara we ylma garaýyş dürlüçedir. Ýagny Aziýanyň we Afrikanyň ösýän ýurtlarynda hem-de Awstraliýada ylma uly ynam bildirýärler. Emma öňki SSSR-iň, Warşawa ylalaşygynyň ýurtlarynda, şeýle hem Ysraýylda, Ýaponiýada we Italiýada ylma hem-de alymlara ynam o diýen uly däl. Russiýalylar babatda alnanda, olar diňe gazaklardan, boliwiýalylardan we albaniýalylardan öňde bolmak bilen, iň soňky bäşlikden orun aldylar diýip, «rg.ru» ýazýar.