Hytaýda adamsypat robotlary türgenleşdirmek üçin merkez peýda boldy


Hytaýyň Şanhaý şäherinde ýurtda ilkinji adamsypat robotlary türgenleşdirmek üçin merkez açyldy. Bu barada «YiCai Global» portaly habar berdi.
«Merkezde dürli pudaklardan bolan robotlar dürli ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin türgenleşdiriler. Alnan maglumatlar inženerlere robotlaryň aň derejesini mundan beýläk hem kämilleşdirmek üçin berler» diýlip, habarda bellenýär.
Merkezde ilkibaşda 100 sany gumanoidler ýerleşdiriler. Olary dürli ssenarileriň 10-dan gowragyny peýdalanmak bilen okadarlar. Alnan maglumatlar pudagy ösdürmek üçin emeli aň nusgalaryny döretmek bilen meşgullanýan kompaniýalara berler.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25