Ýaş nesil barada çäksiz alada

   
Hormatly Prezidentimiz we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan alnyp barylýan ynsanperwer döwlet syýasatyna laýyklykda, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, bedenterbiýe, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, watansöýüjiligiň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär.    

Hormatly Prezidentimziň häzirki we geljekki nesilleriň bagtyýarlygynyň bähbidine gönükdirilen parasatly döwlet syýasatynda ýaş nesil jemgyýetiň aýratyn hukukly gatlagy hasaplanylyp,  ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy özenini düzýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, islendik döwletiň ösüşi onuň öz körpe raýatlarynyň bagtly durmuşyny üpjün etmek ukybynyň artmagy bilen kesgitlenilýär. 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda çagalara, şol sanda saglygy sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalara döwrebap bilim bermekde maksatlaýyn işler amala aşyrylýar. Bilim ulgamynda bilimiň durmuş orny güýçlendirilip, saglygy sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalara bilim bermekde bilimiň mazmuny olary bäsleşige ukyply şahsyýetler edip ýetişdirmäge we geljekki özbaşdak durmuşa taýýarlamaga gönükdirilýär. 

Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän syýasatlaryna we tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim minstrligi tarapyndan BMG-niň “Çaganyň hukuklary hakyndaky”, “Maýyplaryň hukuklary hakyndaky” Konwensiýalary, şeýle-de döwletimiziň soňky ýyllaryň dowamynda goşulan halkara ylalaşyklary esasynda mümkinçilikleri çäkli raýatlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we bilim babatda hereket edýän beýleki kanunçylyk namalarynda kepillendirilýän ýokary hilli bilim hyzmatlary bilen gurşamak, esasan-da, Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň her biriniň, şol sanda mümkinçilikleri çäkli çagalaryň hem ähli babatlarda hak-hukuklarynyň doly üpjün edilmegini gazanmak maksady bilen anyk işler geçirilýär, şeýle hem mümkinçilikleri çäkli çagalar bilen işleýän pedagoglaryň hünärini ýokarlandyrmak, tejribesini artdyrmak, olary bu ugurda halkara bilim giňişliginde toplanýan tejribeler bilen tanyşdyrmak boýunça işler hem yzygiderli ýagdaýda alnyp barylýar. 

Ýurdumyzyň bilim ulgamynda hereket edýän ýörite bilim edaralary saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalaryň ösüş aýtaynlyklaryna laýyklykda, döwrebap bilimdir tebiýe almagy, jemgyýete uýgunlaşmagy, jemgyýetde öz ornuny tapmagy, olaryň durmuşynyň goralmagy we saglygynyň dikeldilmegi üçin zerur şertler döredilýär. Bu bilim edaralarynda bilimiň mazmuny çagalaryň akyl-fiziki ösüşiniň aýratynlyklary we olaryň şahsy mümkinçilikleri göz öňünde tutulyp taýýarlanan okuw meýilnamalaryna hem-de okuw maksatnamalaryna, halkara tejribeleri nazara alnyp taýýarlanan okuw gollanmalaryna laýyklykda üpjün edilýär. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça öňde durýan uly wezipe hökmünde kesgitlän saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak barada beren tabşyrygyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi guramagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki kömekçi mekdep-internatynda saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar üçin ýurdumyzda hereket edýän ýörite bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iki gün dowam etjek “Akyl taýdan kemli çagalar üçin ýöriteleşdirilen kömekçi mekdep-internatlarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerini döwrüň talabyna laýyk guramagyň häzirki zaman usullary” atly okuw-usuly maslahat öz işine başlady. 

Kömekçi mekdep-internatlarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmekde, bu ugurda toplanan oňyn iş tejribelerini ýaýratmakda ähmiýetli boljak bu okuw-usuly maslahatynyň birinji güni işjeň ýagdaýda geçdi. Okuw-usuly maslahatynda “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” laýyklykda saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, saglygy dikeldiş we düzediş işlerini döwrüň talabyna laýyk guramagyň häzirki zaman usullary, kömekçi mekdep-intetnatynyň işiniň dolandyrylyşy, iş resminamalarynyň ýöredilişi barada iş tejribesiniň esasynda edilen mazmunly çykyşlar, okuw dersleri boýunça dürli synplarda geçirilen görelde sapaklary täsirli boldy. 

Okuw-usuly maslahatynyň birinji iş gününde saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalara zähmet terbiýesini bermekde, olar bilen geçirilýän bedenterbiýe-sagaldyş işlerini talabalaýyk guramakda, çagalary milli we halkara ýaryşlaryna taýýarlamakda netijeliligi bilen tapawutlanýan işjeň usullar barada hem çykyşlar edilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Okuw-usuly maslahatynyň işi dowam edýär. 

O.Alamyşowa,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Umumy orta bilim bölüminiň baş hümärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25