Mekdep okuwçylary XXI Halkara Žautykow Olimpiadasynda ýokary üstünlikleri gazandylar


Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizde ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär, düýpli bilim özgertmeleri amala aşyrylýar. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, sebitlerimizde häzirki zaman bilim edaralaryny gurmak, döwrebap okuw kitaplarydyr gollanmalar bilen üpjün etmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary, öňdebaryjy kompýuter we multimedia enjamlaryny ornaşdyrmak babatynda uly üstünlikler gazanylyp, jemgyýetimiziň we döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bilim özgertmeleriniň möhüm talaplary hökmünde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okuw derslerini ýokary derejede öwretmek, okuwçylaryň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, olaryň ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklary üçin höweslendirmek hem-de hünärlere ugrukdyrmak babatynda toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary we ýakyndan berýän hemaýat-goldawlary bilen ýurdumyzda milli we halkara derejesindäki bäsleşikler geçirilýär, bagtyýar ýaşlarymyzyň halkara ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatyna laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň «Ýokary hilli bilim» atly maksadyna ýetmek ugrunda milli bilim ulgamynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hususan-da, bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýady, okatmagyň usulyýetleri hil taýdan ýokarlandyrylýar, bilim işine maglumat tehnologiýalaryndan giňden peýdalanylýar. Döwrüň talaplaryna görä, okuw dersleri, şol sanda ýaş nesliň pikirlenmek ukybyny ösdürmek, akyl zähmetiniň endiklerini we başarnyklaryny terbiýelemek maksady bilen matematika, fizika we informatika dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýär, takyk ugurly umumybilim edaralarynyň gerimi giňeldilýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri döwletimiziň abraýydyr, halkymyzyň buýsanjydyr» diýen taglymatlaryny ýörelge edinen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar mekdep okuwçylary döwlet hem-de halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýynyň dünýä derejesinde dabaralanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar. 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 13-17-si aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Magaryf ministrliginiň «Daryn» ylmy-amaly merkeziniň guramagynda Astana şäherinde matematika, fizika we informatika dersleri boýunça XXI Halkara Žautykow olimpiadasy geçirildi. Bu halkara olimpiadasyna ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryndan saýlanan 21 okuwçy gatnaşyp, jemi 15 döwletden 700-den gowrak okuwçylar özara bäsleşdiler. Kalplarynda eziz Watanymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza buýsanç duýgulary joş urýan ýurdumyzyň zehinli ýaşlary üstünlikli çykyş etdiler hem-de bu abraýly halkara bäsleşiginde jemi 2 sany altyn, 4 kümüş, 6 sany bürünç medal gazandylar. Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladalary bilen ýurdumyzyň mekdep okuwçylary bu halkara olimpiadasynda 2010-njy ýyldan bäri gatnaşyp, üstünlikli çykyş edip gelýärler. Bu geçen döwürde ýurdumyzyň mekdep okuwçylary matematika dersi boýunça jemi 3 altyn, 14 kümüş, 34 bürünç, fizika dersi boýunça 1 altyn, 3 kümüş, 14 bürünç, informatika dersi boýunça 3 kümüş, 12 bürünç medallary gazanylyp, 2025-nji ýylyň gözkezijileri has artykdyr. Hususan-da, 2025-nji ýylyň halkara olimpiadasynda:

matematika dersi boýunça Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçy Hamza Allaberdiýew altyn medala, 12-nji synp okuwçysy Maksat Babageldiýew, Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Rahym Agamyradow, Aşgabat şäheriniň matematika we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Begenç Akmyradow kümuş medallara, Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary Mälikşa Meýlismyradow, Begli Işanmyradow, 10-njy synp okuwçysy Sanjar Hojaniýazow, Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Myrat Ruslanow, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Hudaýguly Hudaýberenow bürünç medallara;

fizika dersi boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Jumadurdy Nuryýew altyn medala, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 43-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Döwlet Annamyradow kümüş medala;

informatika dersi boýunça Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Yhlas Amanmyradow bürünç medala mynasyp boldular.

Türkmenistanyň ýygyndy topary toparlaýyn görkezijiler boýunça 8-nji orny gazanyp, munuň özi Hormatly Prezidentimiziň taryhy Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, okuwçylaryň amaly başarnyklarynyň we endikleriniň ösdürilmegine, häzirki zaman nazary we amaly bilimleriniň, ylmy garaýyşlarynyň kemala getirilmegine, ýaş nesliň milli we halkara derejelerindäki zehin bäsleşiklerinde, olimpiadalarynda üstünlikli çykyş etmeklerine ýardam edýän okatmagyň döwrebap usullaryny bilim işinde giňden ulanmagyň tejribesiniň üznüksiz kämilleşdirilýändigini aýdyňlygy bilen tassyk edýär.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dünýä toýuna öwrüljek hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň ilkinji günlerindäki bu hoş habar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň bilimli, intellektual taýdan ösen, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky yzygiderli aladalarynyň anyk netijeleridir, ajaýyp ýeňişdir.

Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bu halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş eden ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmatbaha sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş edenler beýik maksatlar üçin yhlasly okaýan, öwrenýän, döredýän, dünýäniň dürli künjeklerinde Watanymyza mynasyp wekilçilik edýän mekdep okuwçylarymyzyň halkara olimpiadalarynda, ylmy we döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklarynyň Hormatly Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan bilim syýasatynyň hem-de giň gerimli bilim özgertmeleriniň örän netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýändigini aýratyn bellediler. Bäsleşigiň ýeňijileri bolan mekdep okuwçylary ajaýyp sowgatlary hem-de halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza, şeýle hem özleri barada edýän atalyk aladalary üçin  Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Mekdep okuwçylary 2025-nji ýylyň dowamynda Kawkaz matematika olimpiadasyna, Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyna,  42-nji Balkan matematika olimpiadasyna, 66-njy Halkara matematika olimpiadasyna, 25-nji Aziýa fizika olimpiadasyna, 55-nji Halkara fizika olimpiadasyna, Daşkent halkara matematika olimpiadasyna, Ýetginjekleriň Al-Horezmi halkara olimpiadasyna, 9-njy Ýewropa fizika olimpiadasyna, Halkara himiýa olimpiadasyna, Halkara biologiýa olimpiadasyna, Halkara informatika olimpiadasyna, Halkara astronomiýa we astrofizika olimpiadasyna we beýleki halkara bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň halkara bilim giňişligindäki abraýyny has-da belende galdyrjakdyklaryny ynandyrdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikler milli bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösýändigine hem-de barha kämilleşýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Belent Mertebeli Gahryman Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleri bilen ýurdumyzyň dünýäniň bilim babatda ösen döwletleriniň birine öwrülýändigini ykrar edýän gazanylýan ajaýyp üstünlikler bilim ulgamynyň işgärleriniň gujur-gaýratly zähmet çekmäge, geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlarymyzy täze bilimlere we ylymlara ruhlandyrýar.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25