Türkmenistanly mekdep okuwçylary 21-nji Halkara Žautykow olimpiadasyna gatnaşýarlar
Türkmenistanly mekdep okuwçylary 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 13-17-si aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Magaryf ministrliginiň “Daryn” ylmy-tejribe merkezi tarapyndan Astana şäherinde geçirilýän XXI Halkara Žautykow olimpiadasyna gatnaşýarlar. Bu abraýly Halkara bäsleşigine ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryndan saýlanan 21 okuwçydan ybarat bolan 3 topar gatnaşdy. Bu bäsleşige jemi 15 Döwletden 700-den gowrak zehinli mekdep okuwçylary okuwçylar gatnaşýar.
Milli Fizika we Matematika Mekdebi we Gazagystan Respublikasynyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen Respublikan Ylym we Amaly Merkezi "Daryn" Matematika, Fizika we Informatika boýunça XXI Halkara Zhautykow Olimpiadasyny (IZhO) geçirýär. Bu halkara bäsleşik , esasan halkara gatnaşyklaryny ösdürmegi, ylmy bilimleriň ähmiýetini ýokarlandyrmagy we dünýädäki ýöriteleşdirilen fizika we matematika mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy gowulandyrmagy maksat edinýär.
Bäsleşigiň açylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Astana şäheriniň “Parahatçylyk we barlyşyk köşginde” (Дворец мира и согласия) geçirildi.
Olimpiada 2 tapgyrdan ybarat bolup, 1-nji tapgyry 14-nji ýanwarda, 2-nji tapgyry bolsa,15-nji ýanwarda geçirildi.
Olimpiada 2025-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndan 17-nji ýanwaryna çenli awtonom ýagdaýda geçiriler we ähli gatnaşyjylar üçin açyk bolar. Şeýle-de bolsa, onlaýn kompýuter ylymlary syýahatyna gatnaşmak diňe halkara olimpiada gatnaşyjylar üçin elýeterlidir.
Olimpiada toparlaýyn bäsleşigi öz içine alýar. Bäşleşigiň şertine laýyklykda her topar 7 gatnaşyjydan ybarat bolmaly: matematika dersinden 3 gatnaşyjy, fizika dersinden 2 gatnaşyjy we informatika dersinden 2 gatnaşyjy we toparyň ýolbaşçylaryndan (matematika, fizika we informatika mugallymlary) ýabarat bolmaly. Toparyň ýolbaşçysy, Olimpiadada üç resmi dilde: gazak, rus ýa-da iňlis dillerinde gürlemegi başarmaly. Her gatnaşyja ene dilinde işleri ýerine ýetirmäge rugsat berilýär.
Ýanwar aýynyň 15-ine bäsleşiklerden soň Astana şäherinde “Daryn” ylmy-tejribe merkezi tarapyndan gezelenç we ýanwar aýynyň 16-syna bolsa, Astana şäherindäki Gazagystanyň döwlet müzeýine gezelençler guraldy. Gurnalan gezelenç diýseň täsirli bolup, bäsleşige gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Ýanwar aýynyň 16-syna topar ýolbaşçylary bilen emin agzalaryň duşuşygy bolup, okuwçylarymyzyň ýazan işlerine syn geçirildi.
Olimpiadanyň netijeleri her ders boýunça aýratyn ballar bilen kesgitlenýär. Topar reýtingi gatnaşyjylaryň aýratyn netijeleriniň jemi bilen kesgitlenýär. Iň gowymekdepler diplomlar we gymmatly sowgatlar bilen sylaglanarlar.
Ýanwar aýynyň 17-sine “Parahatçylyk we barlyşyk köşginde” (Дворец мира и согласия) olimpiadada ýeňiş gazanan okuwçylary sylaglamak dabarasy we olimpiadanyň ýapylyş dabarasy geçiriler.
Öwezgeldi Janalyýew
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň informatika mugallymy