Daşary ýurt tejribelerinden -"BYJU’S (tutorvista)"
Dürli görnüşli okuw kurslaryny online öwrenmekde hyzmtalary ýerine ýetirýän okuw- bilim platformasy.
BYJU’S (tutorvista)— https://byjus.com/global/
Bu multinasional bilim tehnologiki kompaniýasy bolup, onuň baş offisy Hindistanda ýerleşýär. 2011-nji ýylda esaslandyrylyp, 2022-nji ýylda onuň gymmatlylygy 22 mlrd. dollara deň bolupdyr. Häzirki wagta çenli olaryň web-saýtynda 115 mln. talyp registrasiýa edilipdir.
Byju's (esaslandyrjynyň ady - Byju) web-saýtynda hödürlenilýän okuwlar tölegli bolup, registrasiýadan soňky 15 günüň dowamynda okuwlar mugt ýagdaýda elýeterli bolýar. Hindistanyň talyplary üçin GRE, GMAT ýaly testlara taýýarlyk görmäge ýardam berýär.
Akademiki dersler we sapaklar 12-20 minut aralygynda animasiýaly wideolar arkaly düşündirilip, talyplar özbaşdak ýagdaýda öwrenýärler. 2018-nji ýylda Beýik Britaniýada, ABŞ-da we başga-da iňlis dilli döwletlerde ulanylşa girizilýär.

2017-nji ýylyň iýulynda TutorVista atly online okuw platformany özüne birikdirýär, ondan başga-da online okuw hyzmatlaryny hödürleýän web-saýtlary satyn alyp özüne birikdirip, häzirki wagtda dünýäde iň uly online okuw hyzmatlaryny hödürleýän web-saýtlaryň biri bolup durýar.