Doha Ylym we Tehnologiýa uniwersitetiniň rektory bilen dusuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Doha Ylym we Tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Al Nuaimi bilen dusuşyk geçirdi.
Duşuşygyň başynda ilçi Türkmenistanda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýilip yglan edilendigi hem-de bu ýylda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30-ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler barada tanyşdyrdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar geçen ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Katar Döwletine amala aşyran iş saparynyň netjeleri hem-de geljekde Türkmenistanda Ylmy tehnologiýa boýunça bilim berilýän ýokary okuw mektepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, tejribe alyşmak, talyplaryň ylmy maslahatlara gatnaşmaklary bilen bagly degişli işleri alyp barmaklygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.