«Mahabatyň esaslary» okuw kitaby
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan «Biziň ýurdumyz öz halkynyň gujur-gaýratyna we ruhubelentligine daýanyp, ertekileriň gahrymany äpet pälwanlar ýaly, päsgelçilikleri we kynçylyklary çalt ýeňip geçýär» diýlip ýokary baha berlen eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerinde bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň-de mynasyp ornunyň bardygy äşgärdir.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedowyň taýýarlap, Türkmen döwlet neşirýaty tarapyndan neşir edilen «Mahabatyň esaslary» okuw kitabynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hereket etmeginiň möhüm ugurlarynyň biri bolan mahabat syýasatynyň düýp manysy, onuň aýratynlyklary hem-de guralyşy bilen baglanyşykly maglumatlar ýerleşdirilip, mahabatyň ähmiýetine, onuň görnüşlerine we serişdelerine häsiýetnama berilýär.
Žurnalistika hünäri boýunça okatmagyň halkara tejribesine, Internet maglumatlaryna, şeýle hem, türkmen awtorlarynyň ylmy işlerine esaslanylyp taýýarlanylan bu okuw kitaby arkaly talyplar KHBS-iň bu ugurlardaky işi döwrebap, oýlanyşykly alyp barmak başarnygyny kemala getirmäge gönükdirilen bilimleri alarlar.
Milli Lidrimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň okuw kitaplaryny taýýarlamak, döwrebap hünärmenleri ýetişdirmek babatdaky öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp neşir edilen bu kitap žurnalistika hünäriniň talyplardyr mugallymlary, gazet-žurnallaryň, telewideniýe we radioýaýlymlarynyň işgärleri üçin niýetlenilendir. Kitapdan mahabat işi bilen gyzyklanýan hünärmenler hem peýdaly maglumatlary tapyp bilerler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti