HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ, GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ KITAPLARYNA BAGYŞLANAN DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Bilim ministriniň “Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek maksady bilen iş toparyny döretmek, iş toparynyň düzgünnamasyny we iş topary tarapyndan 2025-2026-njy ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda” 30.10.2024ý. çykaran 344 belgili buýrugyna laýyklykda Türkmen döwlet medeniýet institutynda 2025-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda “Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary taryhy, edebi we medeni mirasy öwrenmegiň çeşmesidir” atly dabaraly maslahat geçirildi.
Dabaraly maslahaty Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Amanmyrat Durdymyradowiç Aýdogdyýew Gutlag sözi bilen açdy. Ol dabaraly maslahata gatnaşyjylary Täze 2025-nji ýyl bilen gutlady we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, halkara, dünýä ähmiýetli beýik işler, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň ähmiýeti barada giňişleýin aýtdy.
Rektoryň çykyşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen bilelikdäki teklibini goldap, 2025-nji ýylyň şygaryny “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Tutuş türkmen halky, ýurdumyzyň ähli ilaty 2025-nji Täze ýyly ýokary ruhubelentlik, şatlyk-dabara bilen garşylady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlarynyň netijesinde dünýäniň akyldary, nusgaw şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy milli we halkara derejede giňden bellenildi. Söz ussadynyň hormatyna iri medeni, jemgyýetçilik-syýasy çäreler geçirildi, alymlarymyzyň, magtymgulyşynaslaryň kitaplary neşir edildi.
Şeýle hem dabaraly maslahatda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Enebaý Garajaýewa “Müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhymyza syýahat”, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili kafedrasynyň uly mugallymy Ogultagan Amanowa “Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” kitaby Magtymgulynyň eserleriniň dilini öwrenmekde baş çeşmedir”, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň türkmen dili kafedrasynyň uly mugallymy Maral Hojatowa “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary ýaşlarda şöhratly taryhymyza, medeni mirasymyza buýsanjy artdyrmagyň ygtybarly çeşmesidir”, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Güýçmyrat Gurbandurdyýew “Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa” atly kitaby türkmen sazynyň taryhyny we nazaryýetini öwrenmekde gymmatly çeşmedir”, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Orazgözel Utomyşowa “Paýhasa baý çeşme”, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Maral Hojagulyýewa “Türkmenistan gadymy medeniýetleriň ojagydyr” diýen temalar boýunça çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitabynda beýan edilen “Magtymguly Pyragy – beýik hormata mynasyp ussat. Ol öz eserlerine tutuş dünýäni we durmuşy siňdirip, adamzada söýgini sygdyryp bilen akyldardyr. Jemgyýetiň kämilligi üçin zerur bolan edep kadalary, gylyk-häsiýetleri, aýratynlyklary Pyragy ýaly çeper teswirläp bilen başga bir şahyr ýokdur... Şahyryň berýän öwüt-ündewleri bilen özümizi we ýaş nesilleri belent ahlaklylykda terbiýeläp bilýäris. Ýaşlary pederlerimizden miras galan milli häsiýetler, watançylyk ruhy esasynda terbiýelemek, olaryň il-ýurda, halka, Watana bolan söýgüsini gazanmak üçin Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlerine berk eýermelidiris” diýen ýaly çuň many-mazmuna ýugrulan sözler dabaraly maslahatda edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Dabarly maslahatyň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň zehinli talyp ýaşlary beýik ösüşlere beslenýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini wasp edýän aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler. Ýokary ruhubelentlige, şatlyk joşgunyna beslenen bu çykyşlar diňleýjilerde uly täsirleri galdyrdy.