Daşary ýurt tejribelerinden -"Schoolbinder"
Schoolbinder – bu web sahypa bolup, onuň Android we iOS görnüşleri hem bardyr. Bu web-sahypanyň esasy maksady okuwçylar we ene-atalar üçin mekdebe degişli bolan zatlaryň ählisi (okuwçylaryň gatnaşygy, ýetişigi, okuw meýilnamasy, mekdepde geçirilýän çäreler, habar edilýän bellikler we şm.) baradaky maglumatlary bir ýerde üýşürip, elýeterli etmekdir. Häzirki wagtda diňe ABŞ-da giňden ýaýrandyr.
Beýleki jemgyýetçilik web-sahypalardan esasy ähmiýetli tapawutlanýan aýratynlyklary: web-sahypa çykarylýan maglumatlaryň ählisi gözegçilikde saklanylýar, ýagny zyýan ýetirip biljek ýa-da ters maglumatlar web-sahypa çykarylmaýar. Okuwçylaryň howpsuzlygy üçin hiç-hilli gaýra, nätanyş ulgamlardan maglumatlar geçirilenok we reklamalar çykarylmaýar. Islendik ulanyjy (okuwçy, ene-ata, mugallym) web-sahypada habarlary, bellikleri çykaryp bilýär emma, çykaryljak her bir maglumat ilki bilen mekdep boýunça bellenen jogapkär adamlaryň gözegçiliginden geçirilýär. Ters we zyýanly maglumatlar çykarylmaýar. Şeýle hem web-sahypada okuwçylar, ene-atalar we mugallymlar özara habarlaşyp bilerler ýaly toparlary döredip bolýar.