Hoş geldiň täze ýyl Eziz diýara
- “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly bolan 2024-nji ýyl tamamlanyp Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň permany bilen yglan edilen 2025-nji ýylymyzy “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyny bütin türkmen halkymyz bilen garşy aldyk. Geçen ýylda Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletimiziň täze taryhynda giň gerimli özgertmeler amala aşyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan ýurdumyzyň taryhynda ilkinji “Akylly şäher -Arkadag şäheri” dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.
- Garaşsyz ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş, sport desgalary bina edildi.
- Oba hojalyk pudagynda-da düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Edermen daýhanlarymyz bugdaýyň hem pagtanyň şeýle-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýygnap, Watan harmanyny beýgeldýärler.
- Ylym-bilim bagtyýar nesillerimiziň geljeginiň mizemez binýatlarynyň biridir. Şoňa görä-de bu ulgamy döwrebaplaşdyrmaga, beden taýdan sagdyn, zehinli ýaş nesilleri ylym-bilim almaga, sport bilen meşgullanmaga, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek ugrunda uly işleri alyp barýarys.
- Ýagşy arzuw-niýetler, belent maksatlar bilen garşy alan täze 2025-nji “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly il-ýurt bähbitli, dost-doganlygyň, parahatçylygyň, rowaçlyklaryň ýyly bolar diýip ynanýarys. Täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara täze ýyl sowgatlaryny iberdi, bu hem biziň terbiýelenýän çagalarymyz barada uly alada edilýändigini görkezýär, sebäbi ähli çagalaryň ýüzleri mähirden, ýylgyryşdan doly. Biz täze ýylda eziz Watanymyzy bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris. Şu pursatda men Siziň ähliňize täze üstünlikleri arzuw edýärin. Maşgala ojaklaryňyza agzybirlik, rysgal bereket, döwletlilik ýar bolsun, bagtyýar günler dowamat dowam bolsun! Türkmen halky mundan-da beýläk röwşen ertirlere ynamly alyp barýan, özüniň beýik işleri, parasatly başlangyçlary, döwlet tutumlary bilen ata Watanymyzyň şan şöhratyny dünýädoldurýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlaryňyz sag, ömürleriňiz uzak bolsun! Täze ýylyňyz gutly bolsun!
Kakageldi Hojowow
Birleşen ArapEmirlikleriniň Prezidenti
Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan
adyndaky Döwletliler köşgüniň direktory