Ösümlik ýaglaryny saklamak
«Ösümlik ýaglaryny saklamak» atly okuw kitabynda dürli görnüşli ösümlik ýaglarynyň saklanyşy we ösümlik ýaglaryny saklamagyň aýratynlyklary beýan edilýär. Ösümlik ýaglaryny saklamak üçin niýetlenen ammarlar toplumynyň tehnologik hatary görkezilýär. Ammarlarda ösümlik ýaglary saklanylýan wagtynda olaryň düzüminde bolup geçýän himiki we biologik hadysalar düşündirilýär.
Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny gazanmakda ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny sazlaşykly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Pudaga iri möçberde maýa goýum serişdeleri yzygiderli gönükdirilýär. Şonuň netijesinde-de, ýurdumyzyň sebitleri çalt depginler bilen ösýär. Ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribelerini önümçilige ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk pudagynyň önümçilik düzümleri-de yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
Çig mal almakdan taýýar önümi ýerlemäge çenli önümçiligi tehniki we tehnologik taýdan çaltlandyrylan görnüşde täzeden enjamlaşdyrmaga tarap ugur almaly. Diňe innowasion tehnologiýalar bäsdeşige ukyply önümleri almaga mümkinçilik berýär.
Okuw kitabynda ýaglary kabul etmegiň we daşamagyň esasy kadalary, olaryň mukdaryny hasaba almaga gerek bolan maglumatlar berilýär.
Ýaglary ammarlara kabul etmek, saklamak we sarp edijilere goýbermek işlerini doly düzümde awtomatlaşdyrmak ýaly meseleleriň çözgüdi beýan edilýär. Bu okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we ýag önümçiliginiň hünärmenleri üçin niýetlenendir.