«Hakyda göwheri» kitabyndan gelip çykýan wezipelere bagyşlanan maslahat

Şu
gün Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebinde Halkara
Bitaraplyk gününiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky
Kararnamanyň kabul edilmeginiň 29 ýyllygynyň öňýanynda Türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» kitabyndan gelip çykýan wezipelere
bagyşlanan maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň
guramagynda geçirilen bu maslahata Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän
mekdepleriň göreldeli taryh mugallymlary gatnaşdylar. Çykyş edenler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly
Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen
döwletdir» diýen baş ýörelgesine laýyklykda ýaşlaryň eşretli, bagtyýar
durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi,
zehin-başarnyklaryny döredijilikli işlere ugrukdyrmagy,
jemgyýetçilik-syýasy işjeňlikleriniň ýokarlandyrylmagy üçin giň
mümkinçilikleriň döredilýändigi aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň
«Gaýrat» hem-de «Magtymguly Pyragy» ýubileý medallarynyň eýesi, halypa
mugallym, mirasgär Nurnazar Jumanazarow çykyşynda türkmen halkynyň
dünýäniň medeni ösüşine gadymy döwürlerden bäri ummasyz goşantlary goşup
gelýän halkdygyny, Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň «Taryha
syýahat» atly birinji babynda türkmen halkynyň adamzat taryhynyň ösüşine
hem-de galkynyşyna möhüm täsirini ýetiren ajaýyp döwürleri, ýagny biziň
eýýamymyzdan öňki V-IV müňýyllyklarda dörän Änew medeniýeti,
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulyp, dünýä
siwilizasiýasynyň gadymy ojagy hem-de dünýä medeniýetiniň aýrylmaz
bölegi hökmünde ykrar edilen Nusaý galasy, Gündogaryň we Günbataryň
medeni ösüşini birleşdiren hem-de maddy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň
alyş-çalyş edilmeginde uly ýardam beren Parfiýa döwleti, Togrul beg,
Jelaleddin, Mälikşa, Soltan Sanjar ýaly soltanlaryň howandarlyk
etmekleri netijesinde dünýäniň ylym merkezlerine öwrülen Merw, Sarahs,
Ürgenç, Amul, Balh, Hyrat, Basra, Mosul, Bagdat, Yspyhan, Reý, Nişapur
ýaly iri şäherleri öz çägine alan Beýik seljuklar döwri, Günbatardan
Gündogara, Günortadan Demirgazyga uzap giden Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda
ýerleşen hem-de Merkezi Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň gadymy we
orta asyrlar medeni-ykdysady ösüşine uly täsir eden Horezmşalar döwleti
barada gyzykly söhbet edilýändigini buýsanç bilen belledi. Her bir sözi,
her bir jümlesi beýik Watanymyza, halkymyza bolan çäksiz söýgä we milli
buýsanja ýugrulan bu kitap esasynda ýaş nesillerde milli buýsanç
duýgusyny terbiýelemek işinde täzeçe çemeleşmeleriň zerurdygy nygtaldy.
Adamzadyň köp asyrlyk taryhynyň, edebi-ruhy durmuşynyň köklerini özünde
jemleýän mirasymyzy öwrenmekde, her bir okyjyda dostlugyň we
ynsanperwerligiň belent duýgularyny terbiýelemekde Gahryman Milli
Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň ähmiýeti örän
ýokarydyr. Adamzadyň has gadymy döwürlerinde döräp, giň geografik
çäklerde ýaýran «Oguznama» eserleri, türkmen halkynyň milli ýörelgeler,
Milli Liderimiziň «Ynsana öz Watanyny söýmekden uly bagt ýokdur», «Iň
belent söýgi Watan söýgüsidir», «Watanyň ykbaly bilen bagly ýaşaýyş
durky bilen mähribanlykdyr» diýen taglymatlary esasynda watansöýüjilik
terbiýesini kämilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň çäklerinde milli bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleri şöhlelendirýän sergi görkezildi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze döwrüň her bir
gününiň bagtyýarlyga, rysgal-berekete, rowaçlyklara, beýik ýeňişlere
hem-de üstünliklere beslenmegi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan
Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesi dünýä dolmagy arzuw
edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25