ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «JENAÝAT HUKUGY (AÝRATYN BÖLEK)» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Jenaýat hukugy hukugyň bir ulgamy bolup, döwletiň ýokary kanun çykaryjy edarasy tarapyndan bellenen, jenaýat eden adamlar babatda jeza bermek, döwlet mejbur edişiniň beýleki çärelerini ulanmak ýoly bilen jemgyýetçilik gatnaşyklaryny jenaýatçylykly hyýanatçylyklardan goraýan, şonuň ýaly-da jenaýat jogapkärçiliginiň esasyny, jenaýat jogapkärçiliginden boşatmagyň we jeza bermegiň iş kesilenlik aýbyny ýatyrmagyny, lukmançylyk we terbiýeçilik häsiýetli mejbur ediş çäreleri ulanmagyň şertlerini we tertibini düzgünleşdirýän hukuknamalaryň jemini beýan edýän pudakdyr. Jenaýat hukugy jenaýaty, jenaýatyň derejelerini, jenaýat jogapkärçiligine degişli adamlary, jenaýat jogapkärçiliginiň bellenmeginiň we boşadylmagynyň esaslaryny, jenaýat jogapkärçiligini agyrlaşdyrýan we ýeňilleşdirýän ýagdaýlaryny, jenaýatçylygy aradan aýyrýan ýagdaýlaryny, jezany we onuň görnüşlerini kadalaşdyrýan hukuk pudagydyr.
Ýokary okuw mekdepleri üçin «Jenaýat hukugy (Aýratyn bölek)» okuw kitaby (awtorlary: D.Amanmuhammedowa, N.Halymow – Türkmen döwlet neşirýat gullugy) neşir edildi. Okuw kitabynda 2010-njy ýylda rejelenen görnüşde kabul edilen hem-de ondan soňraky 2017-nji ýyla çenli girizilen goşmaçalary we üýtgetmeleri hasaba almak bilen Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň aýratyn böleginde bellenilen maddalaryň ählisi hukuk taýdan seljerilýär. Bu okuw kitaby Jenaýat hukugy (Aýratyn bölek) dersi boýunça türkmen dilinde ýazylan ilkinji okuw kitabydyr.
Taýýarlanylan okuw kitaby jemi ýigrimi bapdan ybarat bolup, baplar hem öz içinde paragraflara, paragraflar bolsa, bölümlere bölünýär. Bu baplar, umuman, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň aýratyn bölegindäki baplar bilen gabat gelýär. Her babyň birinji paragrafynda şol bapda ýerleşdirilen jenaýatlara düşündiriş berilýär hem-de şol jenaýatlar belli bir ulgama salynýar ýa-da toparlara bölünýär.
Jenaýat hukugynyň aýratyn böleginiň düşünjelerini we institutlaryny öwrenmegiň özüne mahsus aýratynlygy hem gurluşy bar. Bu gurluş uniwersal häsiýete eýedir, ýagny ony jenaýatyň ähli düzümini öwrenmek babatda ulanmak mümkin. Bu okuw kitabynda jenaýatyň islendik düzüminiň seljermesi logiki taýdan degişli jenaýatyň düşünjesini anyk kesgitlemekden başlanýar. Degişli jenaýatyň düşünjesiniň alamatlarynyň üsti açylandan soň, bu jenaýatyň esasy düzüminiň seljermesine geçilýär. Ol jenaýatçylykly hyýanatçylygyň obýektinden başlanýar. Meselem, talaňçylykda hyýanatçylygyň obýekti bolup, kesekiniň emlägi çykyş edýär. Jenaýatyň obýektinden jebir çekeni ýüze çykarmaklyga geçilýär we ş.m. Jenaýatyň degişli düzüminiň gurluşyny nazara alyp, jenaýatyň predmeti barada hem durlup geçilýär. Jenaýatyň degişli düzüminiň ýokarda görkezilen alamatlarynyň ýüze çykarylmagy bu jenaýatyň obýektiw tarapyny we onuň hökmany hem-de goşmaça alamatlaryny düşündirmäge geçmeklige mümkinçilik berýär.
Okuw kitabynda esasy düzümiň obýektiw alamatlary seljerilenden soňra, onuň subýektiw alamatlarynyň seljerilmegine geçilýär. Jenaýatyň düzüminiň subýektiw tarapy seljerilende, günäniň formasy we görnüşi bellenilýär, jenaýatyň düzüminiň aýratynlygy hasaba alnyp, olaryň mazmuny açylyp görkezilýär, jenaýaty etmegiň delili we maksady bahalandyrylýar.
Bu kitapda jenaýatyň esasy düzüminiň seljermesi jenaýatyň subýektini açyp görkezmek bilen tamamlanýar. Jenaýatyň subýekti barada aýdylanda, onuň hemişelik we üýtgäp durýan jenaýat-hukuk alamatlarynyň (ýaşyň, akyly düzüwligiň, ýörite alamatlaryň we beýl.) üstünde durulyp geçilýär, sebäbi jenaýaty hakykat ýüzünde ýerine ýetiren adam hukuk taýdan hemişe onuň subýekti diýlip hasap edilip bilinmeýär. Jenaýatyň esasy düzümi seljerilenden soňra, onuň agyrlaşdyrýan we aýratyn agyrlaşdyrýan ýagdaýlary seljerilýär. Jenaýatyň degişli düzüminiň manysyny düşündirmegiň tamamlaýjy tapgyry seljerilýän jenaýatyň düzüminiň onuň bilen meňzeş düzümlerden tapawudyny görkezmek bilen tamamlanýar.
Şeýle hem, kitapda maddalaryň köpüsi seljerilende şol maddada beýan edilýän jenaýat edilende Türkmenistanyň haýsy kanunynyň bozulýandygy, şol kanunyň haçan kabul edilendigi bellenilip geçilipdir. Bu bolsa, şol bir wagtyň özünde, hem Jenaýat hukugy dersini, hem-de ýurdumyzyň kanunçylygyny öwrenmeklige uly mümkinçilik berýär.
Bu okuw kitabynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň birnäçe degişli kararlary ýerlikli ulanylýar. Okuw kitabynyň ýene-de bir artykmaçlygy onuň soňunda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň aýratyn böleginde bellenen möçber bilen bagly bellikleriň ählisiniň bir tablisa salynmagydyr. Şeýle-de, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 2022-nji ýylda kabul edilen rejelenen görnüşiniň onuň ozalky hereket eden redaksiýasy bilen deňeşdirme seljermesiniň getirilmegi bu kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýar.