Türkmenistanyň we Estoniýanyň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
13-nji dekabrda, Türkmenistanyň Bilim Ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary bilen Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Jaap Oranyň ýolbaşçylyk edýän resmi saparynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Jenap Oran Astana şäherinde ýerleşýän ilçihana akkreditirlenendir.
Duşuşyga Estoniýa tarapyndan, Gazagystan Respublikasyndaky Estoniýanyň Ilçihanasynyň konsuly Maýa Tasa gatnaşdy.
Duşuşykda iki ýurduň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen wekilleri Estoniýanyň wekiliýetine Türkmenistanyň bilim ulgamynda gazanan soňky üstünlikleri, şol sanda sanlylaşdyrma we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy baradaky maglumatlary berdiler. Hususan-da, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy hem-de Bilimiň hilini bahalandyrmak boýunça halkara maksatnamasyna (PISA) goşulmak mümkinçilikleri barada aýratyn gürrüň edildi. Eston tarapy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we PISA maksatnamasyna gatnaşmak boýunça öz tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny nygtady.
Estoniýanyň wekiliýeti tarapyndan türkmen wekiliýetiniň umumy orta we hünär bilim maksatnamalary boýunça tejribe öwrenmek maksady bilen Estoniýa sapar etmegi teklip edildi. Bu sapar ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine we iň gowy bilim tejribelerini alyşmak üçin platforma döretmäge mümkinçilik berjedigi bellenildi. Şeýlede Ilçi bilim ministrliginiň sanly ulgamlaryna ýokary baha berdi we bu babatda eston kärdeşleri bilen paýlaşmak üçin seminarlary guramak teklip edti.
Taraplar bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak islegini beýan etdiler. Bu, Türkmenistanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we bilim bermegiň halkara hil standartlaryny ornaşdyrmak ugrunda möhüm ädim bolar.