Türkmenistanyň talyplarynyň gazananlary — “Ýaşlar baýragynyň ýeňijisi”
Dilnoza Mamutniýazowa Rozumbaýewna, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň 4-nji kurs talyby, Türkmenistanyň «ÝAŞ ALYMY» diýen adynyň eýesi boldy. Onuň zehininiň ilkinji ykrarlaryndan biri 2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda mynasyp bolan «Informatika we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary ugry boýunça ýaş alym» atly baýragy boldy. Bu baýrak, onuň ylym we tehnologiýalar uguryndaky ýokary derejede hünäriniň bardygyny görkezýär.
Ýaňy ýakynda, Dilnoza öz üstünlikleriniň sanawyna ýene-de üç möhüm baýragy goşmaklygy başardy. Ol Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi boldy, bu baýrak bolsa, Türkmenistanyň geljegini gurmaga öz zähmetini goşýan ökde ýaş alymlara berilýär.
şeýle hem, Dilnoza «Sanly çözgüt 2024» innowasion taslamalar bäsleşiginde ýeňiş gazandy. Bu bäsleşikde, ol informatika we aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmegiň täze we aýratyn çözgütlerini görkezdi. Üçünji baýrak, «Ýylyň iň gowy ylmy makalasy» diýen baýrak boldy, bu makala bolsa öz gezeginde, geljekde täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak üçin esas bolup biler
Dilnoza Mamutniýazowa, «Ýaş alymlaryň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylyk ösüşini we jemgyýetçilik goşandyny güýçlendirmekde okuwçylaryň konsullarynyň birnäçe taraply roluny öwrenmek: bilim üpjünçiligi we ýaşlary özbaşdaklykda güýçlendirmek ugry boýunça giňişleýin seljeriş» atly ylmy makalasy üçin «NIÇ Ylmy Habarçy» Ylmy-neşirýat merkeziniň birinji we ikinji derejesi boýunça diplomlaryna mynasyp boldy. Bu iş «Innowasiýa ýollary» žurnaly tarapyndan ylym bäsleşiginde hödürlenip, mazmuny we innowasiýa teklipleriniň täzeçiligi boýunça eminler tarapyndan öňe saýlandy.
Dilnoza diňe bir ylym pudagynda däl, eýsem jemgyýetçilikde-de lider hökmünde özüni görkezip, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň Talyplar Geňeşiniň ýolbaşçysy hökmünde, talyplary we ýaş hünärmenleri ösüşe, öz mümkinçiliklerini açmaga we ýokary derejeleri gazanmaga itergi berýär.
Onuň gazananlary diňe bir şahsy üstünlik bolman, eýsem Türkmenistanyň geljekki alym we lider nesilleri üçin mümkinçilikleriň nyşany boldy.