Daşary ýurt tejribelerinden "MyEdu.com"
MyEdu.com – bu 2008-nji ýylda esaslandyrylan hususy kompaniýa bolup, onuň baş ofislary ABŞ-nyň Ostin, Tehas ştatlarynda ýerleşýärler. Bu kompaniýa ýokary bilim almak prosessinde talyplarda nähili garaşylmaýan çykdaýjylaryň döreýändiklerini anyklamak maksady bilen, ýokary okuw jaýlaryň talyplaryndan olaryň maliýe ýagdaýlarynyň maglumatlaryny we akademiki maglumatlaryny ýyganamak bilen meşgullanypdyrlar. Şeýle hem okuwa girmek isleýän dalaşgärlere uniwersitetleri, institutlary isleýän ugurlary, hünär derejeleri, sapaklaryň meýilnamasy, okadýan professorlaryň atlary boýunça saýlamaga mümkinçilik berýän interaktiw web platformalary üpjün edipdirler, ýagny talyplara akademiki durmuşlaryny meýilleşdirmäge ýardam edipdirler. Edil şonuň ýaly hem talyplara goşmaça iş we internatura gözlemäge mümkinçilik berýän onlaýn-platformalary hödürläpdirler.
Bu kompaniýa 2014-nji ýylda “Blackboard” kompaniýasy tarapyndan satyn alynýar we şonuň içinde hereket edýär.