«HALK SAZ GURALLARY ANSAMBLLARY ÜÇIN ESERLER» ATLY OKUW GOLLANMASY NEŞIR EDILDI


Ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamyny hem özgertmekde, ösdürmekde, kämilleşdirmekde, ýaşlara berilýän bilim dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmakda bimöçber işler durmuşa geçirilýär.

Ýaňy-ýakynda ýokary, ýörite sazçylyk we sungat mekdepleri üçin Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk saz gurallary kafedrasynyň uly mugallymy Muhammetmyrat Gapurowyň «Halk saz gurallary ansambllary üçin eserler» atly okuw gollanmasy (A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) neşir edildi. Okuw gollanmasy ansaml dersi boýunça talyplary ýokary derejede taýýarlamakda, ansambl bolup eseri ýerine ýetirmekde talybyň çeperçilik duýgusyny terbiýelemekde aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin okuw gollanmasy arkaly ýokary, ýörite sazçylyk we sungat mekdeplerinde talyplara ansablyň partituralaryny okamak usulyny tejribe taýdan ösdürmekde ýakyndan ýardam bermek maksat edinilipdir.

Bu okuw gollanmada milli aýdym-saz sungatymyza uly goşant goşan türkmen nusgawy kompozitory Nury Halmämmedowyň – «Prelýudiýa», Amandurdy Agajykowyň – «Kwartet» I, II, III, IV bölümleri, Gurban Kulyýewiň – «Konsertino», Baýram Hudaýnazarowyň – «Derýa», Çary Nurymowyň – «Hemrahym» we ş.m. ýaly halk saz gurallary üçin niýetlenen birnäçe eserleri ýerleşdirilendir.

Bulardan başga-da ýewropa saz medeniýetiniň görnükli wekilleri bolan, A.Mosartyň – «Rondo», Ž.Bizeniň – «Giriş sazy», I.Bramsyň – «Wenger tansy №5» ýaly eserleri ýerleşdirilipdir.

Okuw gollanmasynda talyplary ýokary derejede taýýarlamagyň, ansambl bolup eseri ýerine ýetirmegiň, dünýä saz sungaty bilen birlikde özboluşly türkmen saz sungatyny ösdürmegiň we ansamblyň eserleri bilen tanyşdyrmagyň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygy barada aýratyn bellenilýär.

Bu okuw gollanmasyndaky eserler aşakdaky ýaly 5 bölekde özboluşly yzygiderlilikde ýerleşdirilipdir:

Kwartet (prima plektrli dutar, plektrli dutar-1, plektrli dutar-2 hem-de bas dutar) saz gurallary üçin.

Kwartet (kanun, plektrli dutar-1, plektrli dutar-2 hem-de bas dutar) saz gurallary üçin.

Kwintet (kanun, plektrli dutar, baglama, dutar hem-de ud) saz gurallary üçin.

Kwintet (kanun, çeň, baglama, ud hem-de bas dutar) saz gurallary üçin.

Kwintet (prima dutar, plektrli dutar-1, plektrli dutar-2, ud hem-de bas dutar) saz gurallary üçin niýetlenendir.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25