Myhmanlar uniwersitetiň Magtymguly, Taryhy we Geologiýa muzeýlerine aýlanyp gördüler


Himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasynyň açylyş dabarasy tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Magtymguly, Taryhy we Geologiýa muzeýlerine aýlanyp gördüler. Olar muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdyryldy. 

Magtymguly muzeýinde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň durmuşyna, döredijiligine we XVIII-XIX asyrlarda ýaşan türkmen halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyna bagyşlanan, onuň döredilmeginde we gymmatlyklar bilen baýlaşmagynda alymlaryň, türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň professor mugallymlarynyň bitiren hyzmatlary, şahyryň syýahat eden ýurtlarynyň kartasy, akyldaryň ýaşan obasynyň we bilim alan ojaklarynyň taslamalary, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň dürli döwürlerde, birnäçe dillerde neşir edilen kitaplary, eserleriniň daşbasma nusgalary we gadymy edebiýatlaryň golýazmalary, söz ussadymyz barada ýazylan köp sanly çeper eserler, ylmy işler, XVIII-XIX asyrlarda ýaşan türkmenleriň geçmişdäki durmuşyny has janly we düşnükli açyp görkezýän hojalyk esbaplary, zähmet gurallary, aw awlamak üçin gurallar, şol döwrüň öý hojalygynda gündelik ulanylan dürli esbaplar, türkmen ahalteke bedewlerimiziň bezeg şaý-sepleri, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şanly seneleri bilen baglanyşykly şahyryň döredijiligini öwrenmek babatda täze neşirler, şeýle hem taryhy maglumatlar ýerleşdirilen gymmatlyklar barada gürrüň berildi. Şeýle-de muzeýde şahyryň goşgularynyň dürli dillerde çeper okalmagy, goşgy boýunça gysgajyk sahna oýnunyň ýerine ýetirilmegi myhmanlarda özbolşuly täsir galdyrdy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Taryhy muzeýinde uniwersitetiň pedagogik institut hökmünde döredilen gününden bäri şöhratly taryhy, uniwersiteti dürli ýyllarda tamamlan görnükli şahsyýetleriň durmuş we zähmet ýoly baradaky maglumatlar, olaryň neşir işleri, Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gelmegi bilen bagly wakalar, Alym Arkadagymyzyň dürli dillerde çap edilen eserleri, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek ugrundaky işler baradaky maglumatlar muzeýiň uniwersitetiň häzirki zaman taryhyny beýan edýän gymmatlyklar, Geologiýa muzeýinde dürli görnüşli minerallaryň, magdanlaryň we daşlaşan jisimleriň nusgalyklary, minerallaryň we magdanlaryň 1200-den gowrak nusgalygy saklanýandygy barada täsirler gürrüňler edildi. Muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmak myhmanlarda gyzyklanmalar döredip, olar boýunça sowal-jogaplar alşyldy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25