Ylym-bilim ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy ösdürilýär


Türkmenistanyň Milli bilim instituty Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ýaponiýa döwleti bilen bilim ulgamynda amala aşyrýan hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Ýaponiýanyň “Ýapon gaznasy” bilen baglaşan Ähtnamasyna laýyklykda, institutda umumybilim edaralary üçin ýapon dili dersi boýunça okuw kitaplaryny we esbaplaryny taýýarlamak işlerini alyp barýan ýaponiýaly hünärmenler Hiroşi Ito we Naruhito Katsu ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde iş saparlarynda boldylar. Saparlaryň esasy maksady ýapon dili dersiniň okadylyşy bilen tanyşmak, okatmagyň usulyýeti boýunça ýapon dili mugallymlaryna iş ýerinde usuly maslahatlary bermekden ybarat bolup, 2024-nji ýylyň 25-nji sentýabr-14-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 37-nji, 61-nji, 89-njy, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 15-nji, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 13-nji mekdeplerinde boldylar.

Iş saparlarynyň dowamynda, ýaponiýaly hünärmenler Hiroşi Ito we Naruhito Katsu umumybilim berýän orta mekdeplerde ýapon diliniň okadylyşy bilen ýakyndan tanyşyp, okuwçylaryň ýapon dili dersine bolan höwesini uly gyzyklanma bilen synladylar. Okuwçylar bilen ýapon dilinde sorag-jogap alyşdylar. Şeýle hem ýapon dilini okadýan mugallymlara ýapon dilini okatmagyň usulyýeti boýunça maslahatlary berdiler we tejribelerini paýlaşdylar. 

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň bilim ulgamyndaky gatnaşyklary ýaşlaryň täze, döwrebap bilim almaklaryna, şol sanda iki halkyň arasyndaky dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmeklige uly ýol açýar. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk geljekde hem has-da ösdürilip, ýurdumyzda amala  aşyrylýan ylym-bilim boýunça täze maksatnamalaryň netijesinde, zehinli ýaş nesillerimiziň arasynda täze tehnologiyalar we innowasiýa ýaly ugurlar boýunça has köp taslamalar amala aşyryljakdygyna berk ynanýarys.

TMBI-niň hünärmeni Çaryýewa Bagtygül.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25