Bilim ulgamynda täze sepgitler


2024-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi bilen Ýewropa Bilim Gaznasynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Ýewropa Bilim Gaznasynyň (EFO) Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy, DARYA taslamasynyň SCAFFOLD usulyýeti boýunça toparyň agzasy we halkara hünärmeni hanym Raano Turaýewa-Hýonen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziň direktory Çary Hanmuhammedow we degişli hünärmenleri gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda SCAFFOLD usulyýetiniň çäklerinde Innowasiýa maglumat merkeziniň ähmiýeti, ýerine ýetirýän işleri we durmuşa geçirýän taslamalary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol sanda, bilim we sanly bilim ulgamyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hanym Raano Turaýewa-Hýonen merkeziň halkara hyzmatdaşlyk ulgamynda, şeýle hem düzüminde alnyp barýan işleri bilen içgin gyzyklanyp, geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ilerledip, utgaşykly işleriň geçiriljekdigi barada belledi.

Bu duşuşyk, Türkmenistanyň we Ýewropa Bilim Gaznasynyň bilim pudagynda işjeň hyzmatdaşlyga bolan ygrarlygyny ýene-de bir gezek subut etdi. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hünär endiklerini ýokarlandyrmak we ýaş nesli döwrebap taýýarlamak maksady bilen, täze başlangyçlara taýýarlygyň ýeterlik derejededigini merkeziň direktory Çary  Hanmuhammedow nygtap geçdi.

Mundan başga-da, eMekdep platformasy boýunça geçirilen tanyşdyrylyş çäreleri aýratyn gyzyklanma döretdi. Platformanyň içinde bilim almagy has amatly we täsirli edýän birnäçe möhüm funksiýalaryň bardygy bellenildi. Myhman, platformanyň özüne çekijiligini hem-de ulanyjylara hödürlenýän giň mümkinçilikleriň täsirlidigini aýratyn belläp geçmek bilen geljekde täze pikirleri utgaşykly alyp barmakda we ýola goýmakda işleriň has hem täsirli bolmagy üçin ýurdumyzyň daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy barada bellenilip geçdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bilim Gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi geljekde bilim ulgamynda täze sepgitlere ýol açyp, döwrebap taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine itergi berjekdigi nygtaldy.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25