«TÜRKÇE-TÜRKMENÇE SÖZLÜK» NEŞIR EDILDI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ojaklarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyna uly üns berilýär. Şunuň bilen baglanyşykly, dil dersleriniň okuw kitaplarydyr gollanmalar, sözlükler bilen üpjünçiligi mydama üns merkezinde saklanylýar. Ýakynda şeýle okuw gollanmalarynyň biri — «Türkçe-türkmençe sözlük» (J.Gökleňow, A.Erjilasun – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) çapdan çykdy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan talyplar üçin okuw gollanmasy hökmünde hödürlenen bu sözlüge häzirki zaman türk edebi dilinde işjeň ulanylýan 20 müňe ýakyn söz, söz düzümleri girizilipdir.
Mälim bolşy ýaly, türkmen we türk dilleriniň taryhy kökleri bir bolup, olar gadymy oguz diliniň dowamy hasap edilýär. Şu nukdaýnazardan, bu dillerde umumy sözleriň agdyklyk etmegi tebigydyr. Şonuň bilen birlikde, iki doganlyk halkyň uzak taryhy döwrüň dowamynda biri-birinden aýry galmagy, dürli geografik sebitlerde ýaşamaklary, goňşy halklaryň diliniň täsiri, diliň içki ösüş kanunalaýyklygy we beýlekiler olaryň sözlük düzüminde, ses gurluşynda käbir tapawutlaryň ýüze çykmagyna getiripdir. Sözlükden käbir gadymy oguz sözleriniň türkmen dilinde, käbirleriniň hem türk dilinde saklanyp galandygyna göz ýetirmek bolýar. Muňa gut, saw, kok, üýn, geňiz, sokak, güneý, guzaý (kuzeý), ekmek ýaly sözleri mysal getirmek mümkindir.
Türkmen dilinde bolşy ýaly, türk dilinde hem sözler köpmanylylyga eýedir. Sözlükde şu hili sözleriň, esasan, ähli manysy berlipdir. Meselem: atlamak 1) bökmek, towusmak; 2) münmek; 3) taşlamak, ga:ldyrmak, goýup geçmek (okalanda, ýazylanda); 4) göç. m. ýalňyşmak, aldanmak, yoğun 1) fiz. dykyz, goýy; 2) ýogyn; 3) ýiti (ys hakda); 4) göç. m. köp; 5. gep.d. galyň, iri... Sözlükde ädimölçär, nusgalamak, skuter, ýapyşdyrgyç (plastyr manysynda), ýandepderçe, köwüşgeýer, geňiz (burun boşlugy manysynda), dakma diş (protez manysynda), tulum tüýdük (tuluma howa doldurylyp, üflenip çalynýan saz guraly), garaşma otagy (kabulhanalarda) ýaly sözler, söz düzümleri ilkinji gezek hasaba alnypdyr.
Häzirki wagtda türkmen dili Türkiýäniň uniwersitetlerinde we umumybilim berýän mekdeplerinde, türk dili hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde we beýleki bilim ojaklarynda hünär ýa-da ders hökmünde okadylýar. Şonuň ýaly-da, türkmen we türk dilleriniň we edebiýatynyň meseleleri, olary okatmagyň usullary, terjimeçilik boýunça ylmy, ylmy-amaly işler alnyp barylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen we türk dilleriniň deňeşdirme derňewi dil biliminde täze bir ugur hökmünde kemala geldi. Bu ýagdaý düşündirişli sözlükler bilen birlikde, dil öwrenýänler üçin iki dilli, köp dilli sözlüklere zerurlyk döredýär. Şu jähetden, «Türkçe-türkmençe sözlük» atly bu täze kitabyň neşir edilmegi diňe bir talyplar üçin däl, eýsem, türkmen-türk dil gatnaşyklary bilen gyzyklanýanlar, türkmen we türk dillerini gysga möhletli okuwlarda ýa-da özbaşdak öwrenýänler, işewürler, syýahatçylar, terjimeçiler üçin hem örän uly ähmiýetlidir.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi