TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda daşary ýurt dilleriniň okadylyşy giň gerime eýe bolýar we bu ugurda köp işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan döwletimizde bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen kabul edilen birnäçe resminamalaryň, şol sanda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” ýaş nesillerimize daşary ýurt dillerini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak hem-de kämilleşdirmek babatynda esasy ýörelge bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamynyň her bir basgançagynda daşary ýurt dillerini öwretmegiň milli we daşary ýurt innowasion tejribesine laýyklykda okadylmagyny gazanmagy göz öňünde tutýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde täze okuw kitaplarynyň neşir edilmegi bagtyýar ýaş nesillerimiziň daşary ýurt dillerini has-da kämil öwrenmeklerine, dil bilimini ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň XI synpy üçin “Iňlis dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby (awtorlary: N.Öwezowa, R.Soýunowa, M.Allaberdiýewa) neşir edildi. Bu okuw kitaby okatmagyň we terbiýelemegiň esasy didaktiki ýörelgelerine esaslanylyp, daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usullaryndan hem-de öňdebaryjy tejribelerden netijeli peýdalanylyp taýýarlanyldy.
Umumy orta bilim berýän mekdepleriň XI synpy üçin “Iňlis dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby bu dersiň tassyklanylan okuw maksatnamasyna laýyklykda okuwçylaryň iňlis dilinde okamak, ýazmak, erkin gürlemek ýaly endiklerini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döreder.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi