Oracle- önümçilik innowasiýa laboratoriýalarynyň global ulgamyny giňeldýär


Taleo.com https://www.oracle.com/human-capital-management/taleo/ Taleo korporasiýasy maglumatlar bazasyny satýan kompaniýa bolup, 2012-nji ýylda Oracle tarapyndan satyn alynýar. 
“Taleo”-nyň esasy hödürleýän hyzmaty zehinli hünärmenleri saýlap, işe almak, öndürijiligiň menejmenty, öwrenmek, kämilleşdirmek we ornuna tapmak menejmenty ýaly hyzmatlary hödürleýärler. Bu hyzmatlaryň jemlenip ulanylmagy kompaniýanyň aýtmagyna görä, iş gözelýän dalaşgärleriň arasynda has aýratyn zehinlileri saýlap almaga; işläp ýören işgärleriň bolsa, iş öndürijiligini has hem netijeli ýokarlandyrmaga ýardam edýär. “Taleo” öz iş personalyny dolandyrjy ulgamyny programmanyň hyzmatlary hökmünde satýar. Ähli maglumatlar we programmalar “Taleo” tarapyndan dolandyrylýan we goralýan maglumatlar merkezlerinde saklanylýar.  
Häzirki wagtda “Taleo”-nyň programma hyzmatlaryny “Oracle” korporasiýasy tarapyndan satylýar. 2013-nji ýylyň dekabr aýy boýunça olaryň ulanyjylarynyň sany takmynan 20 mln-dan hem geçýärdi.
Işleýiş prinsipi: taleonyň databazasyna hünärmenleri gözleýän kompaniýalar ýüz tutup, özlerine nähili hünärmenleriň gerekdigini mälim edýärler, ýagny öz şertlerini görkezýärler, taleo iş gözleýänleriň databazasyny ýöredip, onuň içinden köp sanly barlaglardan geçen we şertlere laýyk gelýän dalaşgärleri saýlap hünärmen gözleýän kompaniýalara hödürleýärler we ahyrky netijäni kompaniýanyň özi çykarýar. 

                                                                        


Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25