C5+ONE maksatnamasyna iňlis dili mugallymlary işe kabul edilýär


Türkmenistanda Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri, Merkezi Aziýanyň ykdysadyýet pudagynda işleýän hünärmenlere gönükdirilen C5+ONE maksatnamanyň çäginde iňlis dili mugallymlary boş iş ýerlerine işe alynjakdygyny yglan edýär. C5 + ONE maksatnamasy döwlet we hususy pudaklarynyň işgärleri, şeýle hem raýat jemgyýeti üçin niýetlenendir we ýurdumyzyň 5 welaýatynda durmuşa geçirilýär.
C5+ONE maksatnama barada
Amerikan Geňeşlikleri tarapyndan Türkmenistanda we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda (Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan we Gyrgyzystan) durmuşa geçirilýän C5 + ONE maksatnamasy, giriş derejeli we orta derejeli hünärmenleriň iňlis dilini ösdürmäge gönükdirilendir. 2025-nji ýyldaky meýilnamany durmuşa geçirmegiň pudagy ykdysadyýet bolup durýar. Maksatnama hepdelik sapaklar, milli we sebitleýin seminarlar, webinarlar we obýektlere gitmek ýaly dürli çäreleri öz içine alýar. Maksatnama gatnaşyjylaryň hünär ulgamlaryny giňeltmäge, dürli maglumatlara we mümkinçiliklere elýeterliligini gazanmaga, şeýle hem hünär başarnyklaryny berkitmäge mümkinçilikleri bardyr.
C5 + ONE maksatnamasynda iňlis mugallymyň jogapkärçiligi
Mugallym, umumy maksatly we hünär maksatly iňlis diline gönügip, uly ýaşly maksatnama gatnaşyjylar üçin iňlis dili sapaklaryny gurnamak we sapaklary geçirmek üçin jogapkär bolar.
Wezipeler öz içine indikileri alýar:
· Dürli okuwçylar toparlary üçin täsirli we özüne çekiji iňlis dili sapaklaryny taslamak we geçirmek;
· Toparlaýyn iş, söhbetdeşlik, çykyşlar we dürli oýunlar ýaly işjeň we interaktiw okuw usullaryny ulanmak;
· Okuwçylaryň öwrenmegine we gatnaşmagyna itergi berýän öz içine alyjy we oňyn synp gurşawyny döretmek;
· Yzygiderli pikir alyşmak, dil maksatlaryna ýetmekde okuwçylara goldaw we kömek;
· Talyplaryň bilim üstünliklerine baha bermek we toparyň zerurlyklaryna baglylykda kursy sazlamak;
· Okuwyň dowamlylygyny gowulandyrmak üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny we sanly gurallary ulanmak (Google Forms, Google Docs, Google Classroom);
· Webinarlar, onlaýn ýygnaklar we aragatnaşyklar klublary ýaly goşmaça çärelere gatnaşmak.
Dalaşgärler üçin talaplar:
· Bilim ýa-da şoňa ýanaşyk ugurlarda kwalifikasiýasy bar bolan iňlis dilini okatmak boýunça mugallym derejeli ýokary bilim;
· Ulylara iňlis dilini öwretmek üçin azyndan 3 ýyl tejribesi bar bolan (esasy hem hünär maksatnamasy);
· Döwrebap bilim tehnologiýalaryny we usulyýetlerini bilmek (mysal üçin, taslama esasly okuw, okuwçylara gönükdirilen usullar);
· Gowy kompýuter başarnyklary we bilimleri Microsoft Office и Google Tools;
· Gatnaşyjylary, döredijilik we inisiatiwany guramak we höweslendirmek ukyby;
· Gowy aragatnaşyk we guramaçylyk ukyplary, wagty netijeli dolandyryp bilmek ukyby.
Iş şertleri:
· Netijäni bahalandyrmak esasynda 9 aýa çenli uzaltmak mümkinçiligi bilen 1 aý şertnama baglaşylar;
· Aşgabatda ýerleşýän maksatnamanyň esasy geňeşçisinden okuw we goldaw;
· Maksatnamadan öň we wagtynda okuw çärelerine we okuwlara gatnaşmak.
Bellik. Saýlanan dalaşgärler, maksatnamanyň geçirilýän geografiýasyna baglylykda ýerli derejede okuw geçirerler. Welaýatdäki dalaşgärler hem ýüz tutup bilerler.
Has giňişleýin maglumatlar üçin web sahypa  americancouncilstm.org  girmegiňizi haýyş edýäris.
Nirä ýüz tutmaly: Görkezilen talaplara laýyk gelýän bolsaňyz we C5 + ONE maksatnamasynyň bir bölegi bolmak isleýän bolsaňyz şu salgy boýunça anketany dolduryň.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25