Bilim işgärleriniň iş tejribesinden


Başlangyç synplarda ene dili sapaklaryny guramak

Türkmen halky ýokary ahlaklylyk, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýaly sypatlara uly sarpa goýup gelipdir. Milli terbiýäniň esasy bolup hyzmat edýän maşgala ojagynyň, onda ata-enäniň çagalaryna berýän terbiýesiniň, görüm-göreldesiniň möhümdigine uly üns beripdir. Çagalarymyza milli terbiýe bermegiň ilkinji basgançaklary başlangyç synplardan başlanýar. Magtymguly Pyragynyň hem goşgularynda däp-dessurlarymyzyň, edep-kadalarymyzyň, ýörelgelerimiziň ähmiýeti barada örän ýerlikli, ähmiýetli pikirleri öňe sürülýär. Çaganyň ýaşlykdan mylaýym, mähirli gatnaşyklar esasynda terbiýelenmelidigi, şeýle-de sözüň güýjüniň we söz manysyna düşünmegiň uly ähmiýete eýedigi nygtalýar.
Başlangyç synplaryň ene dili sapaklarynda Magtymguly Pyragynyň «Içinde» goşgusy tema boýunça geçilýär. Bu goşgynyň birnäçe bendi okuwçylara ýatdan öwredilýär. Goşgynyň manysy, goşgudaky janly-jandarlaryň häsiýetleri hakynda giňişleýin düşünje berilýär. Goşgy okalanda, ondaky jandarlaryň keşbine girip, ýörite sahnajyklary hem taýýarlaýarys. Bu bolsa çaga terbiýesine, onuň döredijilik dünýäsine, deň-duşlary bilen gatnaşyklaryna oňaýly täsir edýär.

Merjen ÝAZMEDOWA,
Daşoguz şäherindäki 13-nji orta mekdebiň mugallymy.
Matematiki çözgütleri tapmagyň usullary
Matematika sapagynda dürli hasaplamalaryň, mysaldyr meseleleriň çözgüdini tapmak arkaly çagalaryň logiki pikirlenişi ösdürilýär. Matematika dersi okadylanda, okuwçylara dürli ýumuşlar tabşyrylýar. Mugallymlaryň köpüsi sapakda öwrenilen düşünjeleri gaýtalamagy, formulalary ýazmak we formula arkaly berlen ýumşy çözmegi talap edýär. Bu ýumuşlar okuwçylaryň ünsüni we ýadyny berkidýär. Ýumuşlaryň başga bir toparynda okuwçylardan öň öwrenilen düşünjeleri peýdalanyp, meseläni çözmek talap edilýär. Mugallym geçilýän täze temany düşündirende, meseleleridir mysallary hödürlände, okuwçylarda bilimlere bolan höwes has-da artýar. Bu okuwçylaryň akyl ýetiriş işjeňligini ösdürýär. Okuwçylara matematiki ýumuşlar berlende, birinjiden, ol gyzykly bolmaly, ikinjiden, ýumuşlar dürli oýun görnüşinde, çuň matematik mazmunly bolup, jogaby garaşylýan ýönekeý usul bilen däl-de, eýsem, çylşyrymly usul bilen çözülýän bolsa, ol okuwçyda gyzyklanma, erjellik döredýär.
Sapagyň ahyrynda okuwçylara ýumuş tabşyrylanda, okuw kitabynyň sahypasyny, näçenji meseledigini aýdyp goýman, berlen ýumşy çözmegiň usulyna düşünmekleri üçin meseläni düşnükli adalgalaryň kömegi bilen sada dilde beýan edýärin we onuň üçin sapakdan wagt aýyrýaryn. Okuwçylaryň işjeňligini artdyrmak maksady bilen, sapakda bäsleşik hem geçirýärin. Berlen meseläniň çözgüdini tapmak üçin wagt berýärin hem-de şol wagtda ýumşy dogry çözüp gelen ilkinji okuwçynyň berekellasyny ýetirip, ony bahalandyrýaryn. Öýe iş hökmünde bolsa, okuwçylaryň ýatkeşligini, logiki pikirlenişini artdyrar ýaly özbaşdak, goşmaça ýumuşlary tabşyrýaryn.

Gunça ORAZOWA,
Aşgabat şäherindäki 88-nji orta mekdebiň mugallymy.
Sapakda sözlükleriň ähmiýeti
Mekdebe gelýän 1-nji synp okuwçylaryna iňlis dilini öwretmek bilen baglanyşykly görkezme esbaplardan, goşmaça usullardan peýdalanýarys. Harplar öwrenilip tamamlanandan soňra, çagalara sözleri öwretmäge girişilýär. Çaganyň her bir öwrenýän täze sözüni ýatda saklamagy üçin iş depderinden daşary ýörite sözlük depderiniň ýöredilmegi möhümdir. Şol depderdäki ýazdyrylan sözleriň her sapakda ýatlanyp geçilmegi esasy şertleriň biridir. Okuwçylardan esasy tema boýunça sapak sorap, sözlükler boýunça sowal-jogap alyşýaryn. Synp tagtasynda sapak aýdan okuwçydan beýleki okuwçylar azyndan iki sany sözüň aýdylyşyny we ýazylyş düzgünini soraýarlar. Okuwçy sözleri ýatdan aýdýar hem synp tagtasynda dogry ýazylyşyny ýerine ýetirýär. 2-nji we 3-nji synplarda şu düzgünler has hem işjeňleşdirilýär. Çaga sözleri ýat tutmagy endik edinse, sözlemi dürs okaýar. Özbaşdak terjime etmegi başarýar. Soňra gysgajyk tekstleri hem özbaşdak okaýar we terjime etmäge synanyşýar. Şeýle ýagdaýda mugallymyň kömegi ilkinji zerurlyklaryň biridir. Mugallym okuwçy terjime edende, ýadyna düşmedik sözleri sözlüklerden peýdalanyp almalydygyna ünsi çekip bilýär. Käbir düzedişleri berip ugrukdyrsa, okuwçynyň sapaga bolan höwesi has hem artyp biler.
Okuwçylara öýe ýumuş hökmünde esasy işlerinden daşary bäş sany sözi artykmaç ýat tutmagy tabşyrýaryn. Bu çaganyň iňlis dili sapagyna bolan işjeňligini has hem artdyrýar.

Tumar ÇARYÝEWA,
Sakarçäge etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti"

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25