Türkmen mekdep okuwçylary Bütindünýä olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler


7 — 9-njy noýabr aralygynda Dubaý şäherinde «MEMORIAD-2024» atly Bütindünýä mental sport olimpiadasy geçirildi. Oňa 23 döwletden 150-den gowrak mekdep okuwçysy gatnaşdy. Şolaryň hatarynda Türkmenistan hem bar.

«MEMORIAD-2024» Bütindünýä olimpiadasynda Türkmenistana 17 sany mekdep okuwçysy wekilçilik etdi. Olar mental arifmetika, fleş-anzan marafon we kwadrat köki ýüze çykarmak ýaly ugurlarda öz başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşige ilkinji gezek gatnaşandyklaryna garamazdan, türkmen mekdep okuwçylary oňat netije görkezip, birnäçe medala mynasyp boldular. Hususan-da:

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Mekan Nurgeldiýew «Fleş-anzan marafon» ugry boýunça 13 ýaşa çenli çagalaryň arasynda dünýä çempiony boldy. Ol 1825,13 sekuntda 43988,89 utuk toplap, altyn medala eýe çykdy.

Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Aýgül Ýusupowa «Fleş-anzan marafon» ugry boýunça 13 ýaşa çenli çagalaryň arasynda ikinji orny eýeledi. Ol 1808,7 sekuntda 38879,11 utuk toplap, kümüş medala mynasyp boldy.

Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Ogulmaral Altyýewa «6 belgili sanlaryň kwadrat köküni ýüze çykarmak» ugry boýunça bürünç medalyň eýesi boldy. Ol 508,54 sekuntda 330 utuk toplady.

Bäsleşikde baýrakly orunlary eýelän okuwçylaryň «Kämil Bilim» bilim merkeziniň mugallymlary Meýlis Jelilowyň hem-de Döwletmyrat Durdymämmedowyň golastynda ykjam taýýarlyk görendikleri bellärliklidir.

Ýeri gelende bellesek, türkmen topary ilkinji gezek gatnaşýandygyna garamazdan, iň işjeň diýlip ykrar edildi we Hormat nyşany bilen sylaglanyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25