Aşgabatda telekeçilik ugry boýunça hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji ýokary okuw mekdebiniň taslamasy görkezildi
Ýakynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy – 2024» atly Halkara sergisinde häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň binasynyň taslamasy görkezildi.
Bu taslamany amala aşyrmaklyk «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barylýar we hut şol kärhana hem sergide ýokary okuw mekdebiniň taslamasyny köpçülige görkezdi – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. Häzirki wagtda ýurtda işewürlik ugry boýunça mekdepler hereket edýän hem bolsa, täze ýokary okuw mekdebi telekeçilik we işewürlik pudagynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda ilkinji okuw edarasy bolar.
«Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasynyň wekili Wepa Melebaýewiň sözlerine görä, häzirki wagtda gurluşyk işleriniň 50 göterimi ýerine ýetirildi we timarlaýyş işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.
Täze ýokary okuw toplumy geljek ýylyň sentýabr aýyna çenli talyplaryň okamaklary üçin ulanyşa berler diýlip garaşylýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi 2700 okuwça niýetlenen köpugurly talyplar şäherçesi bolup durýar. Onuň düzüminde 6 fakultet, şeýle hem kitaphana, maslahatlar zaly, giň naharhanasy, talyplaryň ýatakhanasy, sport meýdançalary we ulag duralgalary göz öňünde tutulandyr.
Täze ýokary okuw mekdebi Türkmenistanda innowasiýalaryň we ykdysady ösüşleriň hereketlendiriji güýji boljak hünärmenleriň çuňňur we ulgamlaýyn taýýarlygyny üpjün eder, bu bolsa ýaşlarymyzyň geljegi üçin möhüm ädimdir.