Täze ylmy ýygyndy


Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan «Türkmenistan döwletimiz bagtyýar çagalaryň mekanydyr» atly ylmy-amaly maslahatyň makalalar ýygyndysy resmi neşir edildi. Bu ylmy ýygyndy ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, ylym-bilim edaralarynyň ylmy işgärleriniň, hünärmenleriniň ylmy makalalaryndan ybaratdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, täze innowasiýalar döwründe çagalary terbiýelemegiň we okatmagyň pedagogik-psihologik esaslaryny, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda ýetilen sepgitleri, çagalaryň ýaş aýratynlygyna görä daşary ýurt dillerini öwretmegiň döwrebap usullaryny öz içine alýan ylmy makalalar ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, talyplaryna, hünärmenlerine, şeýle hem giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

Ylmy ýygyndynyň Olimpiýa şäherjiginiň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşynyň geçirilýän günlerinde okyjylara gowuşmagy aýratyn sowgat boldy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25