Talyp türgenler jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler


Gresiýanyň Iraklion şäherinde tamamlanan jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysy netijeli çykyşlary bilen begendirdi. Ildeşlerimiz dünýä çempionatynyň dowamynda 5 altyn, 6 kümüş we 10 bürünç medal gazandylar. Üstünlik gazanan türgenleriň aglaba böleginiň talyplardygyny bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almak bilen çäklenmän eýsem, sportuň dürli ugurlary boýunça hem öz ukyplaryny görkezmäge mümkinçilik döredilýändigini görkezýär. Adyndan belli bolşy ýaly, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary sportuň dürli görnüşleri boýunça milli ýygyndymyzyň esasyny düzýär. Şonuň bilen birlikde beýleki ýokary okuw mekdepleriniň hem talyplarynyň görkezýän netijeleriniň Türkmenistanyň milli  ýygyndysynyň medal gaznasynyň üstüni ýetirýändigini bellemelidiris. Bu hakykata Gresiýada tamamlanan jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda nobatdaky gezek göz ýetirdik. Iraklion şäherinde guralan ýaryşa 72 ýurtdan 1000 töweregi türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndysy dünýä çempionatynda «kontakt» we «kombat» görnüşlerinde ýurdumyzyň sport abraýyny mynasyp goramagy başardylar. 

Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde altyn medal gazanan türgenler. «Kontakt» görnüşi: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Aminat Guwanjowa (45 kg), Ýolöten etrabynyň sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Hurma Abdyýewa (48 kg), Darganata etrabynyň 3-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Ogulşat Nurmedowa (70+ kg), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Yslam Öwezow (62 kg); «Kombat» görnüşi: Türkmen döwlet maliýe institutynyň  2-nji ýyl talyby Gudrat Esenow (62 kg) gazandylar. 

Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde kümüş medal gazanan türgenler. «Kontakt» görnüşi: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Aýnur Kullyýewa (48 kg), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Marýam Wafaýewa (63 kg), Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Oguldursun Azymowa (52 kg), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Güljan Nurgeldiýewa (70 kg), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport  institutynyň 2-nji ýyl talyby Soltanmyrat Nuryýew (56 kg), Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri Rahmet Taganow gazandylar.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde bürünç medal gazanan türgenler. «Kontakt» görnüşi: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Aminat Guwanjowa (45 kg), Ýolöten etrabynyň sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Hurma Abdyýewa (48 kg), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Suraý Gokaýewa (52 kg), Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Şyhberdi Rahmanow (62 kg), Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň harby bölüminiň esgeri Eziz Ýollyýew (94 kg), Türkmenistanyň Söweş sungaty Milli federasiýasynyň türgeni Miraly Agaýew (69 kg), Türkmen döwlet maliýe institutynyň  2-nji ýyl talyby Bagtyýar Myradow (85 kg), Türkmen döwlet maliýe institutynyň  4-nji ýyl talyby Begli Saparow (69 kg), Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň Institutynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň diňleýjisi Jelilmuhammet Hojamyradow (77 kg) gazandylar. J.Hojamyradow «kombat» görnüşinde hem bürünç medal gazanmagy başardy. 

Dünýä çempionatynyň jemi jemlenende, Türkmenistanyň jiu-jitsu boýunça ýygyndysy toparlaýyn ýaryşda altynjy orny eýelemegi başardy. 

Orazbibi HAJYAMANOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 

sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25