«Sanly çözgüt – 2024» bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär
Kompýuter ylymlary we tehnologiýanyň innowasiýa usullary bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan geçirilýän «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär.
Bäsleşik yglan edilen gününden bäri, ýurdumyzyň talyp we okuwçy ýaşlary, şeýle hem tehnologiki özgertmeler bilen gyzyklanýan höwesjeňleri 300-den gowrak sanly taslamalary gelip gowuşdy.
Innowasion bäsleşigiň emin agzalary ýaşlaryň işläp düzen programmalaryna we sanly çözgütlerine kibernetikanyň, matematikanyň, algoritmleriň usullaryna, ýaşlaryň täze täze garaýyşlaryna we bäsleşigiň tassyklanan düzgünnamasyna esaslanyp baha berýärler.
Ýaşlar bolsa öz gezeginde akylly robotlar, wirtual kömekçiler, ýüzi tanamak ulgamlary, el telefonlaryndan we ses arkaly dolandyrylýan elektron enjamlar ýaly sanly çözgütleri işläp düzmekde özleriniň başarnyklaryny görkezýärler.
Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň arasynda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşik IT tehnologiýalary ösdürmek, emeli aňy has-da kämilleşdirmek we robototehnika ýaly ugurlarda täze pikirlere ýüzlenmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.