Tokioda «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyň ýapon dilindäki neşriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyň ýapon dilindäki neşriniň tanyşdyrylyş dabarasyny gurady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, dabara Ýaponiýanyň daşary işler ministrliginiň Medeniýet we jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk bölüminiň müdiriniň orunbasary Sakamoto Hideki, Ýaponiýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem Bilim, medeniýet, sport we tehnologiýa ministrlikleriniň, Ýaponiýanyň merkezi döwlet-jemgyýetçilik teleradiokompaniýasynyň we ýapon jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitabynda adamzadyň, dünýäniň, tebigatyň we durmuşyň ähmiýeti baradaky pikirleriň jemlenendigini hem-de ýaş nesle gymmatly öwüt-ündewleriň beýan edilendigini bellediler.