Fransuz dilli mugallymlarynyň seminar sapaklary


2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmek barada beren tabşyrygyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini halkara derejelerine laýyklykda kämilleşdirmek, mugallymlaryň hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça meselelere aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bilimiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny durmuşa has giňden ornaşdyrmak maksady bilen, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2024-nji ýylyň 21-nji oktýabryndan 26-njy oktýabry aralygynda fransuz dili mugallymlary üçin daşary ýurt dillerini öwretmegiň döwrebap usullary boýunça hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary geçirildi. Seminar sapaklarynyň çäklerinde Fransiýanyň Nitsa şäheriniň “Frankofonia” okuw merkeziniň mugallymy Halyna Kutasewiç tarapyndan onlaýn sapaklary gurnaldy hem iş tejribesi paýlaşyldy. Şonuň ýaly-da, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň fransuz dili mugallymlary T.K. Atdaýewa, T.M. Berdiýewa, M.H.Amanowa fransuz dilini öwretmegiň döwrebap usullary boýunça seminar sapaklary geçdiler.

Seminar sapaklarda “Sapakda okuwçylaryň işjeňligini ýokarlandyrmagyň we gepleşigi ösdürmegiň döwrebap usullary”, “Fransuz dili sapagynda oýunlaryň ähmiýeti”, “Fransuz dili sapagynda audirleme”, “Fransuz dilini öwretmekde grammatiki ýumuşlaryň ähmiýeti”, “Daşary ýurt dili sapagynda sözleri öwretmegiň usullary”, “Çagalara daşary ýurt dilini öwretmegiň döwrebap usullary”, “Fransuz dili sapaklarynda okaýyş endiklerini artdyrmagyň ýollary”, “Daşary ýurt dili sapagynda döredijilikli ýazuw”, “Fransuz dilini okatmagyň işjeň usullary”, “Fransuz dili sapagynda diňleýiş endiklerini ösdürmegiň ýollary” atly temalar boýunça usuly maslahatlar berildi.

Seminar sapaklara gatnaşyjylar ylym-bilim babatynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk üçin Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny bildirdiler we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25