Daşary ýurt tejribelerinden - Altius Education

 

(https://altiuseducation.com.au/ ) – Awstraliýada ýerleşýän okuw merkezi bolup, ol 2008-nji ýylda esaslandyrylýar. Onuň esasy maksady adaty okuw ulgamyna häzirki zaman reformalaryny salmakdyr. Bu merkez özünde uniwersitetiň we tehnologiki kompaniýalaryň aýratynlyklaryny jemleýär. Merkeziň okuwlary wirtual sapaklary, bilim innowasiýalary we talyplar üçin hyzmatlary hödürleýär. Merkez Amerikanyň meşhur uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlyk işlerini alyp barýar. 
Merkeziň mugallymlarynyň hemmesinde ylmy dereje bolup, ylmy derejesi (aspirantura, doktorantura) bolmadyk mugallymlar işe alynmaýar. Mugallymlaryň arasynda daşary ýurtlardan çagyrylyp getirilen we halkara ylmy baýraklara eýe bolan mugallymlar hem zähmet çekýärler. 
“Altius Education” merkezinde 3-ýaşly çagalardan başlap, ýokary synp (10-12 synplar) okuwçylaryna çenli sapaklar geçirilýär. Dürli dersleri saýlamak mümkinçiligi bardyr: matematika, takyk ylymlar, diller, filosofiýa, robototehnika ýaly dersleri öwrenip bolýar. Onlaýn sapaklar diňe daşary ýurtly professor-mugallymlaryň alnyp barylmagynda geçirilýär. 
Kiçi ýaşly çagalar üçin harplary öwrenmek, okamak, surat çekmek ýaly dersler okadylýar. 
Mundan başga hem uly ýaşly adamlar üçin hem sungat we kalligrafiýa sapaklary hödürlenilýär. 
Okuwlar tölegli esasdadyr. 



Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25