Daşary ýurt tejribelerinden - 2tor.ca


– https://2tor.ca/  — bu web-sahypada matematika we takyk ylymlary has düýpli öwrenmekde ýardam berjek mugallymlary (Репетиторы) saýlamak mümkinçiligi bar. Ýagny mekdep okuwçylaryndan uniwersitetleriň 1-nji ýyl talyplaryna çenli matematika we takyk ylymlary öwrenmekde kömek edýän (репетиторство) mugallymlaryň topary. Olaryň merkezi Torontoda ýerleşýär we okuwlaryň hemmesi onlaýn-görnüşde geçirilýändir. Mugallymçylygy matematika we takyk ylymlar hünäri boýunça okaýan ýokary kurs ýa-da aspirant talyplary edýärler. Okuwlar tölegli esasda geçirilýär.
Aýda / 160 Kanadanyň dollary. 40 sagatdan gowrak wideo-sapak. Ýüzbe-ýüz we email arkaly mugallym bilen habarlaşmak mümkinçiligi.
Esasy ähmiýetli taraplary beýleki onlaýn sapaklary berýän mugallymlara bilen deňeşdireniňde has arzan hasaplanylýar, şeýle hem aspirant talyplar üçin mugallymçylyk etmek arkaly pul gazanmak mümkinçiligini berýär.



Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25