Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi guramaçylykly dowam edýär
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk guramak, welaýatyň çäginde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň güýjünden netijeli peýdalanmak boýunça Lebap welaýatynda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylmagy häzirki wagtda gyzgalaňly dowam edýän jogapkärli döwürde özüniň oňyn netijelerini berýär.
Welaýat boýunça hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine, ýagny, Türkmenabat şäher häkimligine degişli bolan, her tapgyrda 300 çaga niýetlenen «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine möwsümiň dowamynda üç tapgyrda 900, «Awazadaky» 100 çaga niýetlenen «Lebap» çagalar dynç alyş merkezine bäş tapgyrda 500 çaga çekmeklik göz öňünde tutulyp, häzirki wagtda bu ýerlerde ýaş nesiller öz wagtlaryny şadyýan geçirýärler. .
Möwsümde Türkmenabat şäheriniň golaýynda, Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde işleriň aýratyn guramaçylykly ýola goýlandygyny bellemek bolar. Bu sapaly mekanda çagalaryň kadaly dynç almaklary, dürli ugurlar boýunça zehinlerini ýüze çykarmaklary, zähmet endiklerini kemala getirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir. Merkezde ýaş nesilleri hünärlere ugrukdyrmak we durmuşa taýýarlamak maksady bilen hünär hem-de aýdym-saz gurnaklary döredilipdir. Çagalaryň daşary ýurt dilleri, kompýuter sowatlylygy boýunça bilimlerini artdyrmak, ýazyjy-şahyrlar, ussat medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşyklary, döwrebap kärhanalara, tebigatymyzyň gözel ýerlerine, muzeýlere, taryhy-medeni ýadygärliklere gezelençlerini guramak yzygiderli alnyp barylýar. Merkezde dynç alýan çagalaryň şäheriň eteginde ýerleşýän gadymy «Amul» galasyna, Amyderýanyň üstünden gurlan döwrebap köprülere, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, şäheriň gözel ýerlerine, şol sanda «Bitaraplyk» seýilgähine guraýan gezelençleri olarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar. Şeýle hem bu ýerde dynç alýan ýaş nesiller Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda bolup, bu ýerde sahnalaşdyrylan türkmen halk ertekilerine höwes bilen tomaşa edýärler. «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsümini sapaly geçirýän çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmek maksady bilen sportuň dürli görnüşleri, şol sanda milli oýunlar boýunça ýaryşlar, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Ýaňy-ýakynda Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň guramagynda «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç alýan mekdep okuwçylarynyň arasynda döredilen 13-14 ýaşly ýaş ýangyn söndüriji toparlaryň arasynda ýangyn amaly sporty boýunça 5 tapgyrdan ybarat bäsleşik hem aýratyn täsirliligi, çagalaryň ugurtapyjylygy we oňa gatnaşyjylaryň maksadaokgunlylygy bilen tapawutlandy. Ýaşlarda ýangyn howpunyň öňüni almak, jemgyýetçilik we şahsy emläge aýawly garamak, ýangyn söndürmegiň endiklerini ele almak ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara hem-de bäsleşige gatnaşyjylara jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.
Ýaş nesilleriň welaýatda hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini netijeli geçirmekleri olaryň ruhy we fiziki taýdan kämilleşmeklerine, dünýägaraýyşlarynyň, ata Watanymyza bolan söýgüsiniň has-da artmagyna, täze okuw ýylyna ruhubelent gadam basmaklaryna ýardam eder.