Daşary ýurt tejribelerinden - Knewton – okuw onlaýn platforma


Orta bilimden  başlap ýokary okuw bilimini almak üçin niýetlenen onlaýn platforma bolup, ony her bir talybyň ukyp-başarnyklaryna laýyklykda özgerdip bolýar. Ol hem tölegli platforma bolup, talyplaryň arasynda has hem ýörgünlidir.


Bu platformanyň beýlekilerden esasy tapawutlanýan ýeri, ol talybyň soraga iki gezek nädogry jogap beren ýagdaýynda, dogry jogap bilen düşündirilişi görkezýär. (wideo-leksiýa görnüşli düşündirişler we tekst görnüşli düşündirişleri üpjün edýär.) Şundan soň hem talybyň iki gezek nädogry jogap beren ýagdaýynda, pesräk derejeden düşündirmegi başlaýar, mysal üçin kwadrat deňlemäni çözüp bilmedik talyba, birnäçe näbellili ýönekeý deňleme düşündirilip başlanýar, soň şoňa degişle deňlemäni ýenede hasaplap bilmedik ýagdaýynda bir näbellili deňleme düşündirilýär we şm. tä goşmak-aýyrmaga çenli peselýär.


Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25