«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamanyň täzelikleri


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlar mekdebi «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly hünäre ugrukdyryş taslamasynyň täze IV möwsüminiň şygaryny yglan etdi. Ol «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik diplomatiýasy: netijeli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly guraly» diýlip atlandyrylýar.

2024-2025-nji okuw ýylynyň täze möwsümi üçin şeýle şygaryň saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir. Guramaçylyk toparynyň çözgüdi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň şöhratly taryhynyň birnäçe şanly wakalary bilen baglylykda kabul edildi. Şeýle wakalar hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegini görkezmek bolar. Bu resminamanyň kabul edilmegi baradaky teklip Türkmenistan tarapyndan öňe sürüldi.

Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleriň 86-synyň awtordaş bolup çykyş eden resminamasynyň kabul edilmegi ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, özara bähbitli, dost-doganlyk gatnaşyklary giňeltmek, bütindünýä döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzyň tagallalarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Kararnamanyň kabul edilmegi dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyk dialogynyň medeniýetini öňe ilerletmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň ähmiýetlidigini ýüze çykarýar.

2025-nji ýylda Türkmenistanyň giňden belleniljek Bitaraplygynyň 30 ýyllygy ýurdumyz üçin öňümizde boljak möhüm wakalaryň hatarynda durýar. Dünýädäki ýagdaýlar häzirki zaman şertlerinde halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasatynyň kesgitleýji orun eýeleýändigini we ähmiýetini görkezýär. Şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanylmagy döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Şeýlelikde, taslamanyň IV möwsüminiň yglan edilen «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik diplomatiýasy: netijeli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly guraly» atly şygary hem-de onuň degişli mazmundaky temalary ýaşlaryň arasynda türkmen diplomatiýasynyň şöhratly taryhyny, häzirki we geljekki ileri tutulýan ugurlaryny wagyz etmäge ýardam berer. Bäsleşigiň oýunlary arkaly oňa gatnaşyjylaryň ileri tutulýan wezipeleriň, esasy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň döwletleriň arasyndaky ynanyşmaga esaslanan gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen ählumumy doktrinasyny, parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny ösdürmek babatda ýörelgeleriniň mazmunyny has çuňňur öwrenip we açyp görkezip biljekdikleri meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýär. Bäsleşigi geçirmek başlangyjy institutda 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň Kararyna laýyklykda açylan Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan öňe sürüldi. Bäsleşigiň esasy maksady mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmakdan, dürli taraply bilimlere, diplomatik zehinlere we häsiýetlere eýe bolan ukyp-başarnykly ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Bäsleşik okuwçylaryň türkmen diplomatiýasynyň taryhy, kemala gelişi we ösüşi barada bilimlerini artdyrmaga gönükdirilendir.

Bu bäsleşigiň öňde goýlan maksadyna ýetýändigine oňa gatnaşan iň gowy ýaşlaryň 20-siniň häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda saýlap alan hünärleri boýunça okaýandyklary şaýatlyk edýär. Mundan başga-da, taslama gatnaşyjy köp sanly zehinliler Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň, ABŞ-nyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr.

Bäsleşik dördülenji okuw ýyly yzly-yzyna geçirilýär we geçirilýän wagtyndan bäri ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy hem-de türkmen tomaşaçylary üçin uzak garaşylýan we söýgüli telegepleşikleriň birine öwrüldi. Bäsleşik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň milli «Miras» teleýaýlymynda görkezilýär. Bu teleýaýlym taslamanyň ähli oýunlarynyň ýazgysyny geçirýär hem-de onuň hemişelik hemrasy bolup durýar.

Bäsleşige, şol sanda teletomaşaçylaryň, onuň hemişelik janköýerleriniň, gatnaşyjylaryň özleriniň arasynda gyzyklanmanyň barha artýandygy bilen baglylykda «Parahatçylygyň ýaş çaparlarynyň» görkezilişi indi Belet Filmiň onlaýn-kinoteatrynyň platformasy arkaly islendik wagtda we islendik ýerde elýeterli boldy.

Mälim bolşy ýaly, Belet Film 2021-nji ýylda işe girizilen we «Türkmentelekom» aragatnaşyk kompaniýasy hem-de «JAN Tehnologiýa» HJ tarapyndan hödürlenilýän ulanyjylaryň arasynda uly isleg bildirilýän hyzmatdyr. Ol filmleriň, seriallaryň we multfilmleriň toplumlaryny özünde jemleýän onlaýn-kinoteatrdyr. Bu hyzmat Android we iOS ulgamlarynda hem-de Android TV platformasyndaky goşmaça enjamlarda, şeýle hem web-görnüşinde elýeterlidir.

Hyzmatdan geçenki möwsümleriň oýunlaryny täzeden görmek, öňdäki möwsümiň wakalarynyň barşyna syn edip, taslamanyň özüne çekiji oýunlarynyň şowhunly dünýäsine aralaşmak isleýänleriň hemmesi peýdalanyp bilerler.

Bäsleşigiň guramaçylyk topary bolsa «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň IV möwsümine gatnaşjaklary bellige alyp başlady hem-de öz ukyplaryny, zehinlerini, bilimlerini we başarnyklaryny görkezmek isleýän ýokary synplaryň gyzyklanma bildirýän ähli okuwçylaryny onda çykyş etmäge çagyrýar.

Share this post

Adress:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Tel. numbers:
+993 12 36-19-25