Daşary ýurt tejribelerinden-The Open University
(https://www.open.ac.uk/) Bu online uniwersitet – 1969-njy ýylda döredilip, Birleşen Korollykda we dünýä ýurtlarynda talyplara online okuwlary hödürleýär. Beýleki online uniwersitetlerine meňzeşlikde bu uniwersitetde hem okuw kurslary tölegli bolup, okuwlary üstünlikli tamamlan talyplara döwlet derejesinde güýji bar bolan diplomlar we sertifikatlar gowşurylýar.
“The Open University” online uniwersitetda adaty görnüşde hem okuwa gatnap bolýar, emma talyplaryň aglaba bölegi okuwlaryň online görnüşini saýlaýarlar. Uniwersitetyň talyplaryna köp möçberde tölegsiz okuw kurslary hem hödürlenilýär. Häzirki wagta çenli 2 mln-dan gowrak uçurymy bar.