Daşary ýurt tejribelerinden- Open Course Ware (online okuw platforma)


(https://ocw.mit.edu/) – MIT OPEN COURSE WARE (Massachusets Institute of Technology) Masaçusets Tehnologik institutynyň döreden okuw platformasy. Onda institutyň ähli kurs materiallary online çykarylýar we tölegsiz görnüşde islendik adam üçin elýeterlidir. Şeýle hem bu okuw platformasy MIT instituty tarapyndan dolandyrylýar. Bu okuw platformasy her bir öwreniji üçin peýdaly bolup, mugallymlar öz okuw materiallaryny baýlaşdyryp bilerler, talyplar bolsa okuwdan daşary goşmaça materiallary tapyp bilerler, islendik adam häzirki zaman möhüm meselelere (klimatyň üýtgemegi, energiýanyň gaýtadan işlenip bolýan çeşmeleri, rak keselini öňüni almak we şm.) degişli okuw kurslaryny geçip biler.

Bu okuw platformadan okuw kurslaryny geçenlere hiç-hili diplom ýa-da sertifikat berilmeýär, onuň hiç-hilli akkreditasiýasy ýokdur. Online uniwesitetlerinden tapawutlylykda bu ýerde mugallymlar okuw platformany ulanyjylar bilen hiç-hili işleşmeýärler (öý işleri barlamak ýa-da soraga jogap bermek).
Biziň ýurdumyzda hem islendik ýokary okuw jaýynyň şuňa meňzeş okuw platformasy döredilip biliner. Onuň üçin şol okuw jaýyň ähli okuw materiallaryny, wideo leksiýalaryny tölegsiz görnüşde giň köpçülik ulanyp biler ýaly açyk web sahypada ýükläp goýmaly. Ol web-sahypa institut tarapyndan dolandyrylmaly.


Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25