Daşary ýurt tejribelerinden - Keystone School (online mekdep)
— başlangyç synpdan ýokary synp okuwçylaryna online okuwy hödürleýän mekdep. Online mekdep adaty mekdebiň ornuny tutujy hökmünde hem ýa-da okuwçylara adaty mekdebiň daşyndan gerekli okuw derslerini goşmaça öwrenmekleri üçin goldaw hökmünde hem ulanylyp bilner. Adaty mekdepde okuw okamak amatly bolmadyk okuwçylar üçin, mysal üçin: sport bilen meşgullanýan türgenler, harby maşgaladan okuwçylar, halkara okuwçylar (döwlet dilinde okuw okap bilmeýänler), öýde okuw almaly bolýanlar (fiziki ýagdaýy sebäpli), şeýle-de adaty okuw mekdebinde ýetişmeýän okuwçylar üçin Keystone Mekdebi örän amatly hasaplanylýar. Häzirki wagta çenli 120000 töweregi okuwçy bu mekdebi tamamlapdyr.
Keystone Mekdebiniň diplomy ABŞ-nyň we başgada köp ýurtlaryň bilim ulgamynda kabul edilýär. Gutardyş synpyň okuwçylary synaglary tabşyryp diplomy alyp bilerler, eger-de adaty okuwyň daşyndan goşmaça okalýan bolsa okuw kurslarynyň soňunda sertifikat gowşurylýar. Bu diplom bilen ýokary okuw jaýyna hem okuwa girmek bolýar.
Okuw prosessy – okuwçy mekdebiň online okuw platformasyna hasaba alynýar we we özüne gerekli okuwyň görnüşini saýlap, okuw tölegini geçirenden soň online okuw leksiýalaryny diňlemäge hukugy bolýar, gerekli ýagdaýda poçta üsti bilen kitaplary hem alyp bolýar. Okuwçynyň bilim boýunça üstünliklerine mugallymlar hem online gözegçilik edýärler, olar okuwçynyň öý-işlerine 3 günüň dowamynda seredip baha berýärler we okuwçynyň bar bolan soraglaryna 24 sagadyň dowamynda jogap berýärler. Okuwçynyň bilim alşyna, onuň bahalaryna okuwçynyň ene-atalary hem gözegçilik edip bilýäreler, olar üçin aýratyn Parent Observer Account-y döredilýär we ene-atalar onuň üsti bilen okuwçynyň okuw bahalaryny görüp we barlap bilýärler.
Keystone mekdebine meňzeş mekdep döretmek üçin ilki bilen online mekdebine işlemäge ukyply bolan mugallymlar, ondan soň bolsa programmistler gerek. Mugallymlaryň taýýarlan wideo-leksiýalaryny okuw portalyna ýüklemeli we mugallymlar okuwçylaryň üstünliklerine online usulda gözegçilikde saklamaly.