Daşary ýurt tejribelerinden – Kaplan University
Kaplan University – resmi taýdan 2007-nji ýylda işe girizilýär we 2017-nji ýylda Purdue uniwersitety tarapyndan satyn alnyp, “Purdue University Global” atly online okuw kurslaryny hödürleýän institut döredilýär.
Bu ABŞ-da esaslandyrylan online uniweristet bolup, okuw kurslary tölegli görnüşde üpjün edilýär. Mugallymlar bilen işleşmek mükinçiligi bolup, üstünlikli tamamlan talyplara diplomlar we sertifikatlar gowşurylýar.
Beýleki online uniwersitetlerden tapawutlanýan esasy ýeri bu online uniwersitetda harby gullukdaky raýatlar hem gatnaşyp biljek ýörite harby okuw kurslary hödürlenýär, harby gullukdan çykanda, elinde hünäri bolar ýaly gurnalan okuw kurslar hem hödürlenýär. Şu tarapdan halkara derejede örän amatly gurnalan diýip hasaplanylýar. Biziň ýurdumyzda hem harby gulluga giden raýatlarymyz harby gulluk bilen birlikde nähili bolsa-da bir hünäri alyp bilseler örän ähmiýetli bolardy.