Parahatçylyk dialogynyň medeniýeti boýunça bäsleşige 10 ýurtdan wekiller gatnaşdy



Şu ýylyň 23-25-nji maý aralygynda Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçirildi..

Bu bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan guraldy. Bu halkara bäsleşige Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýäniň, Hytaýyň, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 250-den gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy. 

Türkmen paýtagta gelen myhmanlar Türkmenistanyň ýokary diplomatiýa mekdebi bilen tanyşdylar, onuň muzeýlerine, «Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagyna, «Ýaş diplomatyň sesi» elektron gazetiniň redaksiýasyna baryp gördüler we institutyň okuw studiýasy tarapyndan ýörite guralan «tegelek stol»-a gatnaşdylar.

Daşary ýurtly myhmanlaryň türkmen paýtagtynda bolmagy şäheriň iň gözel ýerlerine, türkmen halysynyň milli muzeýine, Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýine, taryhy we medeni ýadygärliklere, şeýle hem Aşgabadyň söwda we güýmenje merkezlerine baryp görmekleri olarda ajaýyp täsir galdyrdy.

Atajan JORAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25