"Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti" bäsleşigiň geçiş tertibi



Şu ýylyň 22 — 25-nji maýy aralygynda TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilýän «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň şahsy tapgyrynda gatnaşyjylar ýumuşlary we meseleleri çözmekde öz ukyplaryny synagdan geçirýärler. Ondaky umuşlar we meseleler halkara gatnaşyklarynda matematiki usullary ulanmak, matematiki modelirlemek, ekonometrika, logistika we ş.m. ugurlardan ybaratdyr. 

Şahsy bäsleşikde netijeler ýokarky iki tapgyryň jemi boýunça kesgitleniler. Halkara bäsleşigiň toparlaýyn tapgyrynda bolsa gatnaşyjylar toparlaýyn görnüşde ýumuşlary we meseleleri çözmekde bäsleşerler. Bu tapgyryň dowamynda gatnaşyjylar halkara gatnaşyklarynda matematiki usullary ulanmak, matematiki modelirlemek, ekonometrika, logistika we ş.m. ugurlar boýunça 5-10 sany mesele-ýumuş çözerler. Bu tapgyrda toparlar boýunça ýeňijiler bahalandyrylar.

Halkara bäsleşigiň gatnaşyjylaryň bilelikdäki «paýhas hüjümi» breýn-ring bäsleşigi hem geçiriler. Bu çäre akyl-paýhas hyzmatdaşlygy formatynda bolar, onda 1 sagat 30 minut diskussiýa, jemleýji teklibi taýýarlamak, ylalaşmak we gutarnykly görnüşde hödürlemek üçin goşmaça 30 minut göz öňünde tutulýar. Bu tapgyryň esasy wezipesi halkara we sebit ýagdaýlarynyň derwaýys meselesini seljermek netijesinde, halkara subýektleriniň arasynda optimal dialog we hyzmatdaşlyk usullaryny hem-de olaryň görnüşlerini bilelikde hödürlemek bolup durýar. Tapgyrda ýeňijiler kesgitlenmeýär. Diskussiýa işeňňir gatnaşyjylar, jemleýji teklibiň mazmunynda pikirleri we teklipleri giňden şöhlelendirilen toparlar ýa-da gatnaşyjylar aýratyn bellenilip geçiler. Şahsy we toparlaýyn tapgyrdaky ýeňijiler altyn, kümüş we bürünç medallar, degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli Diplomlar, Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanylar.

Halkara bäsleşigiň ýokary guramaçylykly geçirilmegi üçin Guramaçylyk komiteti döredildi. Daşary ýurtly myhmanlar üçin medeni, dynç alyş, tanyşdyryş çäreleri göz öňünde tutuldy. Munuň özi daşary ýurtly myhmanlaryň gözel paýtagtymyzyň täsinlikleri, şeýle hem türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň aýratynlyklary, ýaş diplomatlary taýýarlamagyň milli tejribesi bilen tanyşmaklaryna şert dörediler.

Bäsleşik baradaky goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda (www.iirmfa.edu.tm) ýerleşdirilendir.

Ýusup KARATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25