Sebit we halkara gatnaşyklary - HGI-däki bäsleşigiň esasy temasy



Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadaky parahatsöýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky ýörelgeleri ýaşlaryň arasynda giňden dabaralandyrmak maksady bilen geçiriljek bu bäsleşik parahatçylygy wagyz etmek, halkara dialogy işjeňleşdirmek, medeni diplomatiýany ilerletmek, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda oňyn netijeleri gazanmakda ähmiýetlidir. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda 2024-nji ýylyň 22 — 25-nji maýy aralygynda geçirilýän «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň synag sowallary hem sebit we halkara gatnaşyklary, olaryň syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady, taryhy-medeni we beýleki derwaýys ugurlaryny öz içine almak bilen, hususan-da, şu aşakdaky ugurlary we meseleleri şöhlelendirer:

— Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň wajyp başlangyçlarynyň ähmiýeti we mazmuny;

— BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň durmuşa geçirilmegine goňşy we sebit ýurtlarynyň ýaşlarynyň halkara derejesinde giňden gatnaşmagy;

— Sebit parahatçylygy ugrunda dialogy hem-de hyzmatdaşlygy netijeli ýola goýmak üçin halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri; — halkara gatnaşyklarynda parahatçylykly dialogyň häzirkizaman ugurlary we usullary; — parahatçylygy döretmekde bitaraplyk syýasatynyň täsiri; — medeni diplomatiýanyň netijeli ugurlary we onuň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki täsiri;

— sebit hyzmatdaşlygynyň täze we derwaýys ugurlary. Şeýle hem halkara bäsleşikde serediljek we çözülmegi teklip ediljek meseleleriň deslapky düzümi aşakdakylardan ybaratdyr: — halkara gatnaşyklarynda parahatçylykly dialogyň häzirkizaman ugurlary we usullary; — parahatçylygy döretmekde bitaraplyk syýasatynyň täsiriniň artmagy;

— medeni diplomatiýanyň netijeli ugurlary we onuň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki täsiriniň artmagy;

— durnukly ösüşi modelirlemekde matematiki usullaryň täze ugurlary;

— halkara gepleşiklerini modelirlemek;

— halkara ykdysady gatnaşyklaryny öwrenmekde maglumat tehnologiýalaryny ulanmak;

— halkara ulag logistikasynyň global trendlerini öwrenmek; halkara gatnaşyklarynda optimal çözgütleri kabul etmekde matematiki modelirlemegi ulanmak;

— sebit hyzmatdaşlygynyň täze we derwaýys ugurlaryny teklip etmek.

Pena ANNAMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25