Halkara gatnaşyklary institutynda halkara bäsleşik dowam edýär



“Halkara gatnaşyklary: Parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” bäsleşigi 23-nji maýda, penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda öz işine başlandy.

Çäräni Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bileleikde gurady. 

Açylyş dabarasyna Daşary işler ministrliginiň HGI-niň rektory, taryhy ylymlaryň kandidaty, institutyň uly mugallymy, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi, Türkmenistanyň hormatly diplomaty Sapar Berdinyyazow we MGIMO-nyň professory, syýasy ylymlaryň kandidaty Igor Okunew gatnaşdylar. Çykyş edenler, parahatçylygy we ynamy gorap saklamaga, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 63-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen “2025 - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” Kararnamasyna laýyklykda gepleşikleri güýçlendirmeklige gönükdirilen bu halkara bäsleşigiň ähmiýetini bellediler. 

 Bäsleşigiň açylyş dabarasynda talyp toparlarynyň aýdym-saz we döredijilik çykyşlary boldy, şondan soň ýaryşa gatnaşyjylar ýazuw we synag testlerine aýratynlykda we topar görnüşinde başladylar. Türkmen paýtagtyna gelen myhmanlar türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bilen ýakyndan tanyşdylar.

Şagylyç BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25