«Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigi badalga aldy
2024-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde gurnamagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigi badalga aldy. Belli bolşy ýaly, bu bäsleşik 3 gün dowam eder. Bäsleşige Merkezi Aziýa, Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplar gatnaşýar. Oňa daşary ýurtlaryň 9-ysyndan 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-a golaý magistrler we talyplar, şeýle hem ýurdumyzyň 22 sany ýokary okuw mekdebiniň ýaşlary gatnaşarýarlar. Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklary institutynyň, Azerbaýjanyň ADA uniwersitetiniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy we halkara ylmy barlaglary institutynyň, Gazagystanyň Ş.Esenow adyndaky tehnologiýalaryň we inžiniringiň Kaspiý uniwersitetiniň, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatiýa akademiýasynyň, Täjik milli uniwersitetiniň, Rus-täjik (slawýan) uniwersitetiniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Ferdöwsi uniwersitetiniň, Türkiýe Respublikasynyň Stambul Jerrahpaşa uniwersitetiniň, Hytaýyň halkara gatnaşyklary uniwersitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň magistrleri we talyplary ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän bu bäsleşige gatnaşýarlar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadaky parahatsöýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky ýörelgeleri ýaşlaryň arasynda giňden dabaralandyrmak maksady bilen geçiriljek bu bäsleşik parahatçylygy wagyz etmek, halkara dialogy işjeňleşdirmek, medeni diplomatiýany ilerletmek, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda oňyn netijeleri gazanmakda ähmiýetlidir. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçirilýän bu halkara bäsleşigi özara intellektual ýaryş esasynda talyplaryň halkara gatnaşyklary boýunça zehin başarnyklaryny ýüze çykarmagy, degişli sebitleriň talyp ýaşlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmegi, okuw-bilim tejribeligini alyşmaga ýardam bermegi, häzirki zamanda ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri çözmäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamagy, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagy we pugtalandyrmagy, Bitarap Türkmenistanyň medeni we bilim diplomatiýasyny wagyz etmegi maksat edinýär.
Jeýhun HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.