Umumubilim edaralarynyň usuly üpjünçiligini bahalandyrmagyň wizual sanly ulgamy
Türkmenistanyň umumubilim edaralarynyň usuly üpjünçiligini bahalandyrmagyň wizual sanly ulgamyny Ahal welaýatynyň mysalynda işläp düzmek
Rowaçlyklaryň ak ýoluna düşen ata Watanymyz bu gün dünýä döwletleriniň arasynda kuwwatly we durnukly ösýän ýurt hökmünde öz mynasyp ornuny eýeledi. Hormatly Prezidentimiz: “Iň öňdebaryjy tejribeleri özüne siňdiren häzirkizaman jemgyýetiň hakyky gymmatlygy baýlyklarda däl-de, adamlarda, olaryň ylmynda, biliminde, hünär derejesinde jemlenendir” diýmek bilen innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýete ähmiýet berýär.
Dünýäniň tehnologiki ösüşi döwründe adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli kämilleşýär we olary kadalaşdyrmak, döwrebaplaşdyrmak ösen hem çalt senagatlaşýan döwletleriň esasy maksady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdegörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzda, ilki bilen adamlaryň aň-düşünjesi ösdürmek, täze tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary terbiýelemek we ýüze çykýan gatnaşykalry sazlaşdyrmak, olary kanunlaşdyrmak boýunça düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Bilim edaralaryň arasynda özara ýeke-täk bilim toruny döretmek boýunça işler alnyp barylyp, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak we okatmagyň innowasion usullaryny durmuşda ulanmak maksady bilen, bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Şu mümkinçiliklerden ylham alyp, biz hem öz gezegimizde ýurdumyzyň sebitleýin orta bilim berýän mekdepleriň umumy maglumatlaryny sanlaşdyrmakda öňdebaryjy tehnologiýalardan peýdalanyp,öz işimizde beýan etmegi makul bildik. Bu makalada biz Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň orta bilim berýän mekdepleriň umumy maglumatlaryny sanlaşdyrylyşynyň mysalyny siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
Ilki bilen lokal diski D-da Ylmy iş atly papka döredýäris. Bu ýerde ylmy işimiziň ýerine ýetiren ähli amallarymyz papka görnüşinde ýerleşer. Bu papkada Türkmenistanyň kartasynyň asyl nusgasy, onuň göçürmesi, etraplarymyzyň aýry-aýry görnüşdäki tablisalary, kartalary we ş.m. ýeleşer. Işimizde kynçylyklar döremez ýaly ähli pakalarymyzyň atlary maksimal derejede gysgaldylan bolmaly. Mysal üçin Ylmy iş-YI, Türkmenistanyň kartasy-Karta-T, Baherden etraby-Bah-kart we ş.m.
Indi bolsa Türkmenistanyň kartasy bar bolan tablisanyň asyl nusgasyny göçürýäris. Soňra göçürlen papkaň adyna üstünde işlejek sebitimiziň adyny goýýarys. Onuň ady Karta-Ahl bolar.
Bu papkada diňe Ahal welaýatynyň kartasy ýerleşer
Soňra Map info programmasyny açýarys, we ol ýerde “Открыть сразу” diýen penjire çykar, ol ýerde “Отмена” buýrugyny saýlarys.
Soňra Faýl diýen buýrugyna girip “Открыть” diýen buýruga basarys we ol ýerde açjak bolýan dokumendimizi girizmeli. Netijede Türkmenistanyň kartasy çykar. Indi bolsa diňe Ahal welaýatyna degişli etraplary goýup galanyny aýyrmaly. Onuň üçin Косметический слой diýen ýerde etraplar2 diýen tablisada düwmesine basmaly ondan soňra gerekmejek etraplara kursory eltip her etraba basyp Del buýrugy arkaly aýyryp çykmaly.
Netijede Ahal welaýatynyň etraplary bilen bilelikdäki karta şeýle görnüşde bolar.
Indi bolsa her etrabymyzy belli bolar ýaly hersini aýratynlykda reňkläp çykmaly. Ony ýerine ýetirmek üçin reňklejek etrabymyza basyp bellemeli, soňra Пенал diýen gurallar panelinde Стиль региона diýen buýrugyna basmaly we gerekli ölçegleri girizmeli. Ol şeýle görnüşde ýerine ýetirilýär
Şu tertipde ähli welaýatlary reňkläp çykmaly. Netijede etraplarymyzyň reňklenen görnüşi şeýle bolar:
Indi bolsa her reňklän etrabymyzyň adyny girizeliň. Onuň üçin ýene-de Penal gurallar panelimizden peýdalanýarys we ol ýerdäki Текст diýen burugyna basmaly. Eger-de ýazgymyzyň reňkini ýa-da ölçeglerini üýtgetjek bolsak, Стиль Текста diýen buýrugyna basyp gerekli ölçegleri girizmeli. Netijede kartamyz şeýle görnüşe eýe bolar
Ahal-kart diýen papkadaky welaýatymyza degişli üýtgeşmelerimizi girizenimizden soňra Map Info-ny ýapýarys.
Indi bolsa welaýatymyzyň her etrabymyzyň degişli maglumatlarynyň tablisasyny (jedwelini) girizýäris. Onuň üçin ýene-de Lokal disk D –YI –Türkmenistanyň kartasynyň asyl nusgasyny (Karta-T) täzeden göçürýäris. Göçürlen papkanyň adyna etrabymyzyň adyny goýýarys, ýagny Bah-kart diýip belleýäris. Soňra Mapinfo girip, Файл –Открыть – lokal disk D –YI –Bah papkany açýarys we ýene-de ýokarda görkezilşi ýaly Türkmenistanyň bitewi kartasy ýüze çykar. Indi bolsa biz bu kartada diňe biziň işlejek etrabymyzy goýup ýokardaky yzygiderlikde görkezilşi ýaly gerekmejek etraplarymyza we welaýatlarymyza kursory eltip Del buýrugy arkaly aýyryp çykarys. Netijede diňe Bäherden etraby galar. Indi bolsa bu etraba degişli maglumatlary girizmek üçin tablisa döredýäris. Onuň üçin Файл diýen ýerden “Новая таблица” diýen buýrugyna basmaly. “Новая таблица” diýen penjirede “Показать Списком” we ”Добавить к Карте” diýen setirlere bellijek goýup çykmaly we Создать diýen buýrugyna basmaly. Basanymyzdan soňra şu hili penjire çykar.
Bu ýerde Знаков diýen ýerde 254 sanyny girizýäris we şeýle-de etraba degişli her mekdebiniň maglumatlaryny girizýäris. Olara aşakdakylar degişli:
1. T.b2. Mekdebiň ady3. Okuwçylaryň sany (deslapky, taslama)4. Synp sany5. Kompýuter otaglary6. Web saýtlary7. Ýerleşýän sebitiň ady8. Bilim edaranyň ady(oba,d.b., arçynlyk,ş.m.)9. Umumy bilim maksatnama tipi10. Bilim edaranyň binasy11. Galtaşýan ýerler12. Sport meýdançalary we zallary13. Kitaphanalar14. Iýmitlenme ulgamy15. Bilim edaranyň okuwçy düzümi16. Bilim edarasyna gatnadylýan ilatly punktlar17. Ýol-ulag ulgamy
Tablisa maglumatlarymyzy girizenimizden soňra Создать diýen buýruga basmaly. Indi bolsa kartanyň ýüzünde etrabymyzdaky mekdep sanyna görä bellijek saýlap girizeliň. Ony ýerine ýetirmek üçin gurallar panelinde Символ diýen düwmejigine basyp, kartanyň ýüzüne eltip mekdebiň sanyna görä basyp çykmaly. Netijede şeýle görnüşini alarys:
Indi şu yzygiderlikde hem ähli etraplara maglumatlary girizip çykmaly.
Geliň indi bolsa ähli döreden etraplarymyza degişli kartasynyň we tablisasynyň goýan papkamyzda durar ýaly we Map Info-ny açanymyzda ikisini hem, ýagny hem kartasy hem tablisasy açylar ýaly Файл – Сохранить рабочий набор diýen buýrugyna basalyň. Netijede Map Infodan çykyp, Bah-kart diýen papkany açanymyzda şu hili bolmaly
We şu yzygiderligi galan etraplarymyzda ýerine ýetirip, olara degişli aýratyn papkany açanymyzda her haýsysynyň içinde şu hilli maglumatlar bolmaly.
Geliň indi bolsa Ahal welaýatymyzyň kartasyny açanymyzda onuň islendik sebitine basanymyzda bu etraba degişli we onuň mekdepleri barada maglumatlar çykar ýaly Geolink-i nädip gurnamalydygyny öwreneliň.
Şu yzygiderligi ýerine ýetireliň: Lokal disk-D –YI –Karta-Ahl-Ahl.tab. Karta açyldy, ýokarda menýu setirinde Таблица –Изменить –Перестроить basmaly. OK düwmesine basanymyzdan soňra Ahl tablisa basyp, syçanjygyň sag düwmesine basyp, Показать список ederis.
Basanymyzda şeýle görnüş çykar:
Görşüňiz ýaly, Name diýen ýerde etraplaryň ady girizilen, Welaýat diýen ýerde –welaýatyň ady girizilen, GEOLINK diýen ýerde her etrabyň iş nabory, ýagny WOR-y bar bolan papkanyň salgylanmasyny göçürip bu setire goýmaly (Вставить). Netijede Ahal kartada ýokardaky geolink bellige basyp, kartanyň islendik sebitine eltip, bassak, şol sebitiň kartasy we maglumatlary çykar.
Öwezowa Aýjemal,
Innowasiýa maglumat merkeziniň
esasy hünärmeni.
Innowasiýa maglumat merkeziniň
esasy hünärmeni.